Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gahrymanlar unudylmaýar
Ýazylan wagty: 09 мая 2018 Ýazan NEXTTM






Hususy habarçymyz Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Türkmenbaşy şäher geňeşiniň başlygy Aşyr Bezirgenow arhiw we muzeý maglumatlaryna salgylanyp şu aşakdakylary gürrüň berdi.
Söhbetdeşimiziň aýtmagyna görä, Balkan welaýatyndan 1941-1945-nji ýyllarda 35 müňe golaý adam Watany goramaga gidipdir. Şolaryň arasyndan Türkmenbaşy şäherinden, Türkmenbaşy we Garabogaz etrabyndan urşa gidenler 2864 adama barabar bolupdyr. Balkan welaýatynyň zähmetkeşleriniň 7 müňden gowragy dogduk diýaryna dolanyp gelmedi, Olar Watan üçin, il gün üçin başlaryny gurban etdiler ýa-da aldym-berdimli söweş ýollarynda dereksiz ýitdiler. Ýowuz urşa gatnaşanlar Watanmyzy we Gündogar Ýewropany azat etmek ugrunda gaýduwsyzlyk bilen söweşdiler. Olaryň birentegi Sowet Soýuzynyň Gahrymany diýen belent ada we beýleki ýokary söweşjeň sylaglara mynasyp boldular. Olaryň arasynda Sowet Soýuzynyň Gahrymanlary: Rejepow Pena, Annaýew Oraz, Agalyýew Allaberdi, Bagirow Ruben Hristoforowiç, Begenow Madi Kaýbiýewiç, Wolkow Petr Pawlowiç, Grib Alekseý Fedorowiç, Mämmedow Halil, Nyýazmämmedow Täçmämmet, Petlýuk Iýosif Matweýewiç, Rylow Waleriý Dimitriýewiç, Şuwaýew Aleksandr Iýosowiç, Sotnikow Mihail Trifonowiç.
Arzyly Ýeňşi ýakynlatmak ugrunda tylda hem gijäni gündiz edip zähmet çekipdirler. SSSR-iň Ýewropa bölegi bilen gündogar sebitlerini baglalanyşdyryjy esasy port hökmünde Krasnowodsk şäheriniň (häzirki Türkmenbaşy şäheri) üstüne möhüm synaglar düşüpdir. Krasnowodsk transport merkeziniň-demir we deňiz ýol ulaglarynyň işgärleriniň üstüne düşen synag aýratynda uly bolupdyr. Bu ulag merkezi tyl bilen fronty baglanyşdyrýan kuwwatly ýük geçiriji baza öwrülipdir. Gyzyl Goşunyň harby bölümleriniň ençemesi ýarag, ok-däri, ýangyç, azyk bilen hut şu ýerden üpjün edilipdir.
Türkmen zenanlary dürli ýyly geýimleriň 2 milliona golaýyny fronta iberipdir. Ýyly egin-eşikleriň arasynda Berekediň öňki (Gazanjyk raýony) demirýolçy zenanlaryň tiken possunlary, Balkanabadyň öý-hojalykçy zenanlarynyň taýýarlan keltekçeleri, Etregiň (öňki Gyzyletrek) zähmetkeş aýal-gyzlarynyň ören jorapdyr ellikleri bolupdyr. Zähmet batalýonynda işleýän türkmen işçileri üçin ýyly geýimleriň 56 müňi iberilipdir. Bularyň bary aýal-gyzlarmyzyň merdanalygy, olaryň Watana çäksiz wepalylyklary, ukysyz geçiren gijeleri we kynçylyklary ýeňip geçmekdäki tutanýerliklerini görkezýär. Welaýatyň zenanlary, aýratyn hem oba zenanlary tylda ilkinjileriň biri bolup öz gymmat bahaly guwanyp dakynýan şaý-seplerini goranmak fondyna tabşyrmak bilen, şol fonda serişde toplamak baradaky asylly işlere baş goşupdyrlar. 1941-nji ýylyň awgust aýynda Serdar etrabynyň Kalinin adyndaky kolhozyndan Akjagül Ataýewa, Gülsoltan Hekimowa, Ogulnyýaz Myradowa we beýlekiler goranmak fondyna 23 kilogram kümüş tabşyrypdyrlar.
Welaýatyň şäher we oba ilaty fronta maddy taýdan hem işeňňir kömek beripdirler. 1941-nji ýylyň güýzünde Gyzylarbadyň (häzirki Serdar şäheri) wagon-remont zawodynyň komsamollary “Türkmenistan komsomoly” diýen tank kolonnasyny düzmek üçin pul serişdelerini toplamak baradaky teklip bilen eden çykyşlary Türkmenistanyň ähli ýaşlarynyň arasynda giňden goldaw tapypdyr. Munuň netijesinde şol ýylyň ahyryna çenli 700 müň manada barabar bolan nagt pul we 26 milliona barabar döwlet zaýomynyň obligasiýalary toplanypdyr.
Türkmen halky uruş ýyllary söweş hereketleri gidýän ýerlerdäki mekanlaryny wagtlaýynça terk eden zenanlaryň, çagalaryň garrylaryň 32,8 müňden gowragy üçin törlerini giňden açypdyr. Şol sanda Balkan welaýatyna göçürlip getirlen raýatlaryň 2 müňe golaýy ýerleşdirilipdir. Olaryň hajatlary, haýyş islegleri öz wagtynda kanagatlandyrylyp, ýaşamaklary we işlemekleri, duşmana garşy alnyp barylýan ählihalk göreşine goşulyp gidýän peýdaly zähmete işeňňir gatnaşmaklary üçin kadaly şertler döredilipdir.
Türkmenistan ilkinji bolup jahanda Beýik watançylyk urşunyň frontlarynda batyrlarça wepat bolan ogullarynyň hemmesine Milli Gahrymanlar diýen derejäni beren ýeke-täk döwletdir. Watanyň şöhratly ogullary hiç wagt ýatdan çykarylmaz. Olaryň atlary biziň ýüreklermizde ebedi ýaşar. Şu gün Türkmenbaşy şäher häkimliginiň gurnamagynda, Türkmenbaşy şäher harby wekilliginiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda erkinligimiz, bagtymyz, azatlygymyz üçin şirin janyny orta goýan merdanlarmyzyň frontdan sag-aman dolanyp gelip häzirki wagtda aramyzda sag-aman ýaşap ýörenleri: Abdulin Hodi Abdulowiç, Şimankin Wýaçislaw Mihaýlowiç, Ýarjykow Güýzli Şarafaýewa Naziýe Fatimowna, Güseýinow Weli dagylaryň öýlerine barylyp ter güller, 200 manat pul sowgady we sowgatlar toplumy gowşuryldy.
Mähriban frontçylar! Siziň beýik gahrymançylykly gaýduwsyzlygyňyzy
Okalan sany: 264   Jogaplar: ( 1 )

NEXTTM
09 мая 2018

Çeşme: talyplar.com


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05372 sek. ýüklenen baýt: 33837