Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Halkara syýahatçylygyň ösüş ýollary
Ýazylan wagty: 11 мая 2018 Ýazan Mayichka
Halkara syýahatçylygyň ösüş ýollary Halkara syýahatçylygyň ösüp başlamagyna itergi beren esasy faktorlar: senagat döwletlerde ilatyň köpelmegi, tölegli rugsatlaryň berilmegi, olaryň girdejileriniň artmagy. Dynjalyşa, syýahatçylyga, ulalyp barýan hyrydarlyga jogap hökmünde syýahat bukjasynyň hödürlenmegi ösüp başlaýar. Muňa öz nobatynda, 1958-nji ýyldan bäri amala aşyrylýan arzan uçup geçmeler mümkinçilik berildi. Bulardan başga halkara syýahatçylygyň ösüşine ýardam eden faktorlaryň biri söwda gezelençleriň köpelmegidir. Görkezilýän döwrüň içinde halkara syýahatçylyk pudagy özüni ýaramaz faktorlara garamazdan durnukly ulgam hökmünde görkezdi. Mysal üçin, ykdysady çökkünlik ýüze çykanda halkara syýahatçylygyň görkezijileri üýtgeşik peselmeýär ýa-da çaltlyk bilen derejesine gaýdyp gelýär. 80-nji ýyllaryň başy dünýä ykdysadyýetiniň peselmegi bilen häsiýetlendirilýär. Bu ýagdaý halkara syýahatçylygyň 3-4 ýylyň dowamynda gowşamagyna eltdi. Eýýäm 1985-nji ýylda Ýewropa boýunça onuň görkezijileri öň görülmedik derejelerine galdy we geljekde mundan hem artyk ösüp biljekdigini görkezdi, emma 1986-njy ýylda Çernobyl AÄC-da bolan wakalar, şoňa gabat gelen liwiýaly terrorçylaryň hereketleri bütin dünýäde syýahat akymlarynyň azalmagyna getirdi. Bu ýaramaz ýagdaý hem soňky ýyllarda düzelip başlady we käbir ýurtlarda (Awstrliýa, Gonkong, Taiwand, Hytaý, Portugaliýa, Türkiýe) halkara syýahatçylygyň görülmedik ösüşine iterge berdi (Emma bu döwre çenli syýahatçylygyň ösüşini eýeläp oturan Liwiýa döwletinde halkara syýhatçylygy görkezijileri pese düşüp başlady). 90-njy ýyllaryň başy hem halk syýahatçylygy üçin şowhunsyz başlady, sebäbi şol wagtda Yrakda „Çöldäki tupan” atly uruş başlanýar. Bu uruş başlanandan soň, daşary ýurtly syýahatçylar Ortaýer deňziniň sebitine we Demirgazyk Afrika asla barmagyny besedýär. Halkara syýahatçylygynyň nobatdaky ösüş pursady 1992-nji ýylda bat alyp başlaýar we 1994-nji ýyla çenli onuň görkezijileriniň ösüşi 8-10% ýetýär. Syýahatçylyk akymlarynyň ösüşi bilen bilelikde ykdysadyýete gelýän girdejiler hem ulalyp başlaýar. Üstesine-de, olar syýahatçylaryň sanynyň köpelmeginden has durnukly we çalt ösýär (pudagyň netijeliligi). Şu wagtky ýagdaýda halkara syýahatçylygynyň girdejililigi boýunça „ABŞ-ry Ýewropa ýurtlaryndan has ösen” diýip hasaplanylýar. Özüne çekijiligi boýunça Ýewropa Amerikadan has öňde, emma Ýewropa barýan daşary ýurtly syýahatçylaryň sany haýal köpelýär. Ýewropa ýurtlary dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň 60% -ni kabul edýär we halkara syýahatçylygynyň umumy gelýän girdejileriniň 50%-ni eýeleýär. Ýewropada halkara syýahatçylygynyň ösüşini şu faktorlar esaslandyrýar: -ilatyň uly bölegi hakyky uly möçberli girdejilere eýe bolýar. -Germaniýa, Fransiýa, Beýik Britaniýa ýaly ýurtlaryň ýaşaýjylary ýakyn ýerde ýerleşýän daşary ýurtlarda dynç almagy makul bilýärler. -Ýewropanyň çäginde tebigy we adam täsiriniň netijesinde döredilen medeni, taryhy ýadygärlikleriň köpüsi ýerleşýär. -halkara syýahatçylygynyň iri pudagy we zerur gerek bolup durýan infrastrukturasy kanagatlandyrýar. BSG-ň geçiren dünýä syýahatçylygynyň seljermesine görä, Ýewropa barýan syýahatçylaryň sany soňky ýyllarda azalýar. Şol wagt hem Gündogar Aziýa we Ýuwaş umman sebitine barýan syýahatçylaryň sany gün-günden artýar. 50-60-njy ýyllarda bu sebitleriň halkara syýahatçylygynda tutýan orny bary-ýogy 1% -e barabardy. Bu görkeziji 90-njy ýyllaryň ahyrynda 20% ýetýär. Ol ýagdaýy Awstraliýa, Gonkong, Indoneziýa, Koreýa, Singapur, Tailand ýaly ýurtlaryň bäsdeşlik etmegi bilen ösüşi esaslandyrdy. BSG-sy tarapyndan dünýäniň ýüzünde 6 sany esasy syýahatçylyk merkezler we olara syýahatçylaryny ugradýan ýurtlaryň sanawy kesgitlenildi. Sebitara syýahatçylyk akymlarynyň arasynda I ýeri ABŞ, Ýewropa ugurly akymlar eýeleýär. (Atlantikanyň üstünden uçup geçýän uçarlaryň elýeterliligi we arzanlygy hem öz goşandyny goşýar). Bu ugurdan soň Ýewropa BAT, Amerika, BAT-Ýewropa. XXI asyryň başlaryndan mälim edilen maglumatlara görä, dünýäde 25-e golaý ýurtlar her ýyl 5 milliondan gowrak daşary ýurtly myhmanlary kabul edýär. 1 million töwerek myhmanhanalary kabul edýän döwletleriň sany 50 –ä golaý. Daşary ýurtly gelýän myhmanlaryň sany boýunça I-nji orunlary eýeleýän ýurtlar: Fransiýa, ABŞ, Ispaniýa, Italiýa, Hytaý, Beýik Britaniýa, Meksika, Wengriýa, Polşa, Kanada. Girýän girdejileri boýunça: ABŞ, Fransiýa, Italiýa, Beýik Britaniýa, Awstraliýa, Germaniýa, Gonkong, Hytaý, Şwesariýa. ABŞ-y syýahatçylaryň edýän çykdajylary boýunça hem I ýerde durýar. Soňra Germaniýa, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa. Häzirki döwürde halkara syýahatçylygynyň giriş bölegi-göze görünmeýän „eksport” hökmünde kabul edýän sebit üçin, orun peýdaly we girdejili pursat bolup durýar. Dünýädäki ösen we ösýän ýurtlaryň ählisi syýahatçylygyň bu görnüşiniň ösüşi, ykdysadyýeti has girdejili etmäge mümkinçilik berýändigine göz ýetirdiler.
Okalan sany: 59   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06111 sek. ýüklenen baýt: 33612