Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Maglumatlar jemgyýeti
Ýazylan wagty: 12 мая 2018 Ýazan Mayichka
Maglumatlar jemgyýeti we internet žurnalistikasy Jemgyýetçilik-ykdysady ösüşleriň häzirki ýagdaýyny häsiýetlendirmek üçin ilki bilen Günbatarda “maglumatlar jemgyýeti” düşünjesi döredi. Bu düşünje bilen bir hatarda “postindustrial jemgyýet” (D.Bell, J.Gelbreýt), “ylmy jemgyýet” (M. Ponýatowskiý), “üçünji tolkunyň jemgyýeti” (O.Toffler), “hyzmatlar siwilizasiýasy” (J.Furaste), “maglumat-kompýuter jemgyýeti” (Ý.Masuda), “postykdysady jemgyýet” (P.Draker) ýaly adalgalar hem ulanylýar. Ýurtda maglumatlar jemgyýetini kemala getirmek we onuň halkara gatnaşygyny üpjün etmek oňaýly maglumatlar giňişligi döredilende mümkin bolýar. Bu giňişlik ýurduň durmuş-ykdysady, syýasy we medeni ösüşine oňyn itergi berýär. 1960-njy ýyllarda maglumatlar jemgyýeti baradaky garaýyşlaryň döremegine maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösüşiniň netijesinde jemgyýetiň özgermegi sebäp bolýar. Amerikan alymy D. Bell postindustrial jemgyýetde harytlaryň önümçiligine däl-de, bilim, saglygy goraýyş, dolandyryş we gözlegler bilen baglanyşykly hyzmatlaryň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini belleýär. Şoňa görä-de, bu jemgyýetiň agzalarynyň meşgullanýan işleriniň gurluşy üýtgeýär: intelligensiýanyň wekilleriniň, hünär ussatlarynyň we tehnikalardan baş çykarýanlaryň sany artýar. Esasy üns nazary bilimlere we maglumatlar bilen üpjünçilige gönügýär. Ýaponiýanyň Maglumatlar jemgyýeti institutynyň alymy Ý.Masudanyň pikirine görä, täze jemgyýetiň aýratynlygy kompýuter tehnikalarynyň ulanylmagyndadyr. Bu jemgyýetde esasy ykdysady ugur intellektual-akyl önümçiligidir. Bu önümler täze tele-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň üsti bilen ýaýradylýar. Jemgyýetiň esasy gymmatlygy bolsa industrial jemgyýetdäki ýaly harytlaryň sarp edilmegi däl-de, wagtdyr. Diýmek, maglumatlar jemgyýetiniň döremegi habar beriş serişdeleriniň täze görnüşiniň döremeginiň esasy şertleriniň biridir. Bu jemgyýetde maglumat üpjünçiligi bilen baglanyşykly birnäçe täze hünärler ýüze çykýar hem-de kompýuter, internet tehnologiýalarynyň ösmeginiň netijesinde maglumatlary auditoriýa ýetirmekde täze şertler, mümkinçilikler döreýär. Jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda özgerişleriň, älem-jahandaky ösüşleriň güýçli depginde amala aşýandygy sebäpli, täzelikleri we habarlary taýýarlamakda, ýaýratmakda internet žurnalistikasyna möhüm orun degişlidir. Ol maglumatlar jemgyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap görnüşdir. “Internet žurnalistikasy” adalgasy bilen bir hatarda “web-žurnalistika”, “kiber-žurnalistika”, “onlaýn žurnalistika” ýaly adalgalar hem ulanylýar. Ösen döwletleriň täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky syýasaty maglumatlar jemgyýetiniň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Bu syýasat jemgyýetiň hal-ýagdaýynyň gowulaşmagyna, ýurduň ykdysady we beýleki ugurlarda kuwwatynyň artmagyna hem aýgytly täsir edýär. 1980-1990-njy ýyllarda ABŞ, Ýaponiýa, Ýewropa ýurtlary we başga-da birnäçe döwletler maglumat-aragatnaşyk ulgamynyň döwrebap ösüşiniň maksatnamasyny amala aşyrdylar. Ösen bazar ykdysadyýetli döwletlerde esasan orta gatlagyň kuwwatly wekilleri tölegli maglumatlar bilen üpjünçilik hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Birnäçe döwletlerde bütindünýä maglumatlar jemgyýetine goşulyşmak maksady bilen tapgyrlaýyn iş meýilnamalary hem düzüldi. Olaryň amala aşmagynyň esasy şertleriniň biri bolsa jemgyýetiň kompýuter sowatlylygyny gazanmakdyr.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06237 sek. ýüklenen baýt: 31748