Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÝANARDAG – DÜNÝÄNIŇ ÇEMPIONY
Ýazylan wagty: 13 мая 2018 Ýazan Mayichka
ÝANARDAG – DÜNÝÄNIŇ ÇEMPIONY
Türkmenistanyň Döwlet Tugrasynyň - Gerbiniň ortasynda türkmenleriň buýsanjy, meşhur ahal-teke bedewleriniň gadymy nusgasyny özünde jemleýän ahal-teke bedewi Ýanardag şekillendirilendir. Garaşsyzlygymyzyň ilkinji baharynda Ýanardag dünýä indi. Onuň kakasy Ýalkymly, enesi Dabaraly hem owadan saýylan bedewlerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda aýlawda hem ähli baýramçylyklary toýlamak däbe öwrüldi. Şol toý-baýramlarda gözellik sergisi „Soltanyň güli”, „Altyn asyr” diýen dabaralar geçirilerdi. Ýanardag şol gözellik sergilerine näçe gezek gatnaşan bolsa, ol şonça gezek çempion boldy. Şonuň üçinde, 1999-njy ýylda Moskwada geçiriljek dünýä çempionatyna diňe Ýanardag gitmeli diýlen netijä gelindi. Türkmenistanyň atşynaslary Türkmenistanyň Prezidentine ýüz tutdular we ondan ak pata aldylar. Türkmenistandan göni Tuşino aeroportyna baran Ýanardagy görenler haýran galdylar. Bäsdeş diýlip saýlanyp getirilen 20 atyň içinde ol diňe bir ýanyp duran tylla reňki bilen däl, eýsem özüniň bijaý owadanlygy, gulagyny keýerdip, jüp basyp durşy bilen hem hemmeleri haýrana goýdy. Hatda onuň bäsdeşleri – ajaýyp bedewler hem Ýanardagy synlap, özlerini gaýra çekdiler. Emin agzalarynyň hem pikiri deň geldi. Olar biragyzdan Ýanardagy dünýäniň çempiony diýip yglan etdiler. Dünýäniň çempiony bolan şeýle owadan Ýanardagyň Döwlet Tugramyzy - Gerbimizi bezemegi bolsa biziň üçin örän buýsançlydyr.
Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06947 sek. ýüklenen baýt: 29350