Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
AHAL-TEKE BEDEWLERI
Ýazylan wagty: 13 мая 2018 Ýazan Mayichka
AHAL-TEKE BEDEWLERI
Türkmenleriň iki sany guwanjy bar: biri dünýä belli halylary, beýlekisi meşhur ahal-teke bedewleri. Alymlaryň aýtmaklaryna görä, ahal-teke atlary iň gadymy bedewlerdir. Onuň döränine üç müň ýyldan gowrak wagt geçipdir. Gadym wagtlardan bäri türkmen toýlary ahal-teke bedewleriniň çapyşygy bilen bezelipdir. Onsuz toý geçmändir. Ahal-teke bedewlerini türkmen nusgawy şahyrlary hem öz poeziýasynda wasp edipdirler. At üstünde, eýerde oturyp bilmeýän ýigitlere „Bu ýigit däldir” diýlipdir. Aýal adam ata çykanda bolsa ol uly günä hasaplanylypdyr. 1936-njy ýylda döwletimiziň dürli künjeklerinden – Türkmenabatdan, Baýramalydan, Daşoguzdan, Magtymguludan, Türkmenbaşydan Aşgabada birwagtyň özünde atly ýöriş gurnalypdyr. Start berlenden, 18 günden soň olaryň hemmesi sag-aman paýtagtda duşuşypdyrlar. Olary gül-gunçalar, aýdym-saz we gyzgyn mähir bilen müňlerçe adamlar garşylapdyr. Şondan soň „Aýal ata çykanda ahyr zaman bolarmyş” diýen nakyl puja çykypdyr. 1935-nji ýyldaky Aşgabat-Moskwa atly ýörişi ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. 53 ýyldan soň – 1988-nji ýylda ahal-teke bedewleriniň atly ýörişlerini geçirmeklik däbe öwrüldi.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05980 sek. ýüklenen baýt: 29278