Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwrüne taýýarlyk görülýär
Ýazylan wagty: 13 мая 2018 Ýazan NEXTTM


Türkmenistanda okuwçylaryň tomusky dynç alyş döwrüne taýýarlyk görülýär


Ministrler Kabinetiniň 11-nji maýda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Şu maksatlarda çagalar bilen medeni-dynç alyş çärelerini we dürli sport bäsleşiklerini guramak, mugallymlary we terbiýeçileri seçip almak bilen baglanyşykly meseleler toplumlaýyn çözülýär.

Bilim ministrligi hem-de beýleki edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda düzülen topar tarapyndan Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde barlaglar geçirildi. Tomus möwsüminde bir tapgyrda Gökderedäki 14 merkezde, Awazadaky 8 merkezde, welaýatlardaky täze açylan 5 merkezde, şeýle hem öňden hereket edýän 3 merkezde çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ösüp gelýän nesliň abadançylygy we bagtyýar durmuşy baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş günlerinde çagalaryň göwnejaý dynç almagy, wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertleriň döredilmelidigini aýdyp, wise-premýere bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Çeşme: turkmenportal.com

Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06579 sek. ýüklenen baýt: 29614