Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
HASYLLYLYK ARTDYRYLÝAR
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk pudagynda hem uly ösüşlere eýe bolunýar. Daýhanlara ýerden bol hasyl almak üçin ähli amatlyklar, ýeňillikler döredilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän tehnikalar hem döredilýän mümkinçilikleriň biri bolup durýar. Şol tehnikalaryň ekin meýdanlarynda wagtly-wagtynda işläp durmagy zähmetkeşleriň işini ep-esli derejede ýeňilleşdirýär. Häzirki wagtda daýhanlarymyz bereketli topragymyza gowaçany, bugdaýy, gant şugundyryny ekip, olardan bol hasyl alyp, oňat netijeleri görkezýärler. Şu günki günlerde bolsa, halk hojalygynda ekin meýdanlarynda ekiş işleri gyzgalaňly ýagdaýda alnyp barylýar.
Türkmen topragy rysgally, bereketli toprak. Halk arasynda “Ýykylsaň ýere ýapyş” diýen aýtgy hem bar.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08138 sek. ýüklenen baýt: 28558