Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
At-abraýy arşa galýan diýarym
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň at-abraýy belende galyp, älem-jahana ýaň salýar. “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilen şu ýyl hem ykdysady, durmuş ulgamlarynda we türkmen döwletiniň hem-de jemgyýetiniň iň möhüm ugurlary boýunça kabul edilen Milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýan ýylyna öwrülýär.
Munuň hakykatdan hem şeýledigini Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde—2018-nji ýylyň 8-nji martynda Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak baradaky Rezolýusiýanyň biragyzdan kabul edilmegi hem görkezýär. BMG-niň esasy edaralarynyň biri bolan Howpsuzlyk Geňeşiniň bu möhüm resminamasynda biziň ýurdumyzyň Owganystanyň durmuş-ykdysady üpjünçilik ulgamlaryny dikeltmek boýunça durmuşa geçirýän işlerine aýratyn orun berilýär. Şeýle Rezolýusiýanyň kabul edilmegi Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan daşary syýasatynyň ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýändigine şaýatlyk edýär. Munuň özi bolsa biziň döwletimiziň giň gerimli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesidir.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08888 sek. ýüklenen baýt: 29012