Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Döwletiñ ösüşi eşretli durmuşyñ kepili
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan NEXTTM
 “Türkmenistan—Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýyl taryhy wakalara beslenýär. Iň guwançly tarapy hem, milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen Kararnama laýyklykda, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň üstaşyr—ulag geçelge babatdaky halkara ähmiýetli mümkinçiliklerini iri taslamalarda durmuşa geçirmekde uly işlere badalga berilýänligidir. Bu işler gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen işlerdir.
Bilşimiz ýaly, geçen fewral aýynyň ahyrlarynda döwlet Baştutanymyz Mary welaýatynda iş saparynda boldy. Milli Liderimiziň bu iş sapary dünýä ýaň salan taryhy wakalara beslendi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan—Owganystan—Pakistan—Hindistan gaz geçirijisi boýunça hyzmatdaş döwletleriň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň gatnaşmaklarynda TOPH transmilli gaz geçirijisiniň, Türkmenistan—Owganystan—Pakistan elektrik geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň düýbüniň tutulmagyna hem-de Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
Okalan sany: 35   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05773 sek. ýüklenen baýt: 29037