Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ADAM ÖMRÜNIŇ MAZMUNY
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan Mayichka
ADAM ÖMRÜNIŇ MAZMUNY Adam özüniň şahsy dünýasindäki mümkinçiliklerini ähli ýerde ulanyp bilýär. Sportuň her hili görnüşleri bar. Biziň türkmen halkymyz hem milli göreşleriň müňlerçe tilsimlerini asyrlaryň dowamynda saklap, ine.şu günlere ýetirdi. Dogry, her bir halkyň öz göreş tärleri bolup, şolaryň içinde iň nepisleri, owadanlary, halkyň aňynda orun tapanlary saklanyp galypdyr. Ähli halklar medeniýetini kämil saklamakda sportuň görnüşlerine-de çuň sarpa goýupdyrlar. Sebäbi ähli zat gözbaşyny saglykdan alyp gaýdýar. Biziň halkymyzda dünýäniň ruhy medeniýetine goşulan bir ajaýyplyk bar. Ine, „Ruhyýet näme?” diýlip sorag berlende, elbetde, ruhyýetiň sagdyn hem berk beden, şonuň netijesindäki iň çylşyrymly filosofiýa erk edip bilýän adamzat aklydygyny aýtmak boljak. Adamzadyň ruhy hem beden taýdan sagdyn bolmagy biziň, bütin ynsanýetiň aladasy. Adamzat, adamzat! Seniň göre-göre gelýän tebigata uygunlan teniň kämillige haçan ýeterkä? Megerem, saňa kämilligiň aňry çetine ýetme ýok! Kämillik bir giden umman. Sen öz kämil däldigiňi göz ýetirdigiňçe, gaýta beter kämillige dyzaýarsyň. Dogry hem edýärsiň. Kämillik – öz kämil däldigiňe ýene bir gezek göz ýetirmek. Diýmek, seniň ruhy dünýäň ummany, sagdyn bedeniň sazlaşygy täze-täze ýollara ymtylýar. Seniň kämilligiň – menzilleriň kämilligi. Saýlan käriň, tebigatyň sazlaşygy. Şonuň üçinem, sport dünýäsinden daşda bolmarsyň, sen tebigata öz mähriban nazaryň, sagdyn bedeniň bilen sazlaşmalysyň, garyşmalysyň, gatyşmalysyň. Öňräk sport mugallymlarynyň biri bilen gyzgyn söhbetdeşligi gurnadyk. Şonda sport meselesinde birnäçe pikirleri orta atyldy. Sebäbi bir-iki ýyllykda „Genileriň ýaşlygy bolmaýar?” atly makala bilen gazetde çykyş edilende, ýapon metodikasynyň bize ýakyn taraplary barada düýpleýin gürrüň edildi. Onuň esasy sebäbi beden terbiýesiniň inçeligi, sportuň biziň ýurdumyzdaky orny, umuman, şu meselede hemişe dürli teklipleriň bolmagydyr. Hawa, „Sagdyn beden – sagdyn ruh” diýip aýdýarlar. Sagdyn bedenli bolmak sportuň haýsydyr bir gyzykly görnüşi bilen gyzyklanmak adamzadyň özüne bagly. Mekdeplerde geçilýän maksatnamalaryň hataryna esasy degişli zat tans sapagy. Çeýelik, adamyň bedenini terbiýelemek – sportuň bir görnüşi. Şu babatynda ýapon usulyýeti barada dogrudan-da belläp geçmäge juda zat kän. Ýapon usulyýetinde inçeden yzarlanýan sportuň ajaýyp bir görnüşi mekdep maksatnamasyna salnypdyr. Her bir adam tans sapagynda çeýeligi we sagdyn, owadan, berk bedenli bolmagy gazanypdyr. Adamyň bedeniniň gözelligi-de diňe sport bar ýerinde bardyr. Her bir adam beden saglygyny sportuň gözelliginiň üsti bilen amala aşyryp bilýär. Sportuň belli bir görnüşini saýlap almak, elbetde, adamyň öz bedeniniň kabul ediş derejesine bagly. Adamy körpelikden, ýaş wagty sporta ugrukdyrsaň, elbetde, ol ruhy pikir kanunalaýyklygynyň işjeňligini dolulygy bilen ýerine ýetirýär.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06638 sek. ýüklenen baýt: 30896