Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
REDAKSIÝANYŇ BÖLÜMLERINDE ÝÖRITELEŞDIRILEN UGURLAR
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan Mayichka
REDAKSIÝANYŇ BÖLÜMLERINDE ÝÖRITELEŞDIRILEN UGURLAR Ozal bellenip geçilişi ýaly, redaksiýanyň habarçylaryny, teleradioýaýlymlaryň bölümleriniň redaktorlaryny milli ykdysadyýetimiziň haýsydyr bir pudagy boýunça ýöriteleşdirilmeginiň oňyn netije berýändigini köp ýyllaryň tejribesi äşgär etdi. Redaksiýalarda işleýän habarçylaryň belli bir ugra gönükdirilmegi, onuň şol ugur boýunça ähli maglumatlary ele almagyny, bu ugurda tejribe toplamagyny hem-de şol pudagyň aýry-aýry düzümleri bilen netijeli aragatnaşyklary ýola goýmagyny şertlendirýär. Bu bolsa taýýarlanýan materiallaryň maglumatlarynyň takyklygyny, materialyň öz wagtynda çapa taýýarlanmagyny üpjün edýär. Edil şunuň ýaly-da, teleradioýaýlymlarda hereket edýän döredijilik toparlarynyň, ýagny. Redaktoryň, operatoryň, režisýoryň bilelikdäik işiniň belli bir ugra gönükdirilmegi gazet žurnallarda bolşy ýaly, teleradioýaýlymlarda taýýarlanýan gepleşikleriň ýokary hil derejesini şertlendirýär. Žurnalistiň işini belli bir ugra gönükdirmek diňe bir gazet-žurnallaryň redaksiýalarynda däl, eýsem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli düzümlerinde ähmiýetli çözgüt bolup durýar. Çünki, habar beriş serişdeleriniň haýsy bir ulgamynda işleýändigine garamazdan, žurnalistiň belli bir ugra gönükdirmegiň netije berýändigini köp ýyllaryň tejribesi subut etdi. Muňa mysal edip, gazet sahypalarynda belli bir ugur boýunça ýazýan awtorlaryň makalalary bilen tanyşanyňda olaryň saýlap alan ugry boýunça kämilleşýändigini aňýarsyň. Gazetde işleýän awtorlar ýörite ugurlar boýunça topara bölünýärler. Olar syýasat, ykdysadyýet ýa-da sport ulgamlary boýunça makala taýýarlaýarlar. Gazet sahypalarynda syýasy mowzuk boýunça makala ýazýan awtorlaryň hatarynda J.Garajaýewiň, G.Aramedowanyň, A.Burunowyň atlary köp gabat gelýär. Şu ugur boýunça yzygiderli material taýýarlaýan bu awtorlaryň gazet sahypalarynda ýygy-ýygydan peýda bolmagy, olaryň öz işine ökdeläp, ussatlyk derejesine ýetendigini alamatlandyrýar. Şeýle hem H.Akbaýewiň, D.Gorşkowyň we K.Sähetmyradowyň sport mowzugy boýunça makala ýazýan awtorlardygy hemmelere aýan bolsa gerek. Edil şonuň ýaly-da, teleýaýlymlarda Ş.Mämmedowyň, A.Baýramowyň sport mowzugy boýunça yzygiderli gepleşikleri guraýandygyny bilýäris. Şeýlelikde, şu awtorlaryň taýýarlaýan makalalaryň gazet sahypalarynda yzygiderli berilmegi, olaryň kämil materiallar taýýarlamaga ukyplydygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, žurnalistleriň belli bir ugry boýunça ýöriteleşmekleri özüniň oňyn netijesini berýär. Aslynda-ha, gazet-žurnallarad we teleradioýaýlymlarda işleýän žurnalistleriň köpugurly hünärden baş çykarmaklary, žurnalistiň herbap bolmagy döwrüň öňe çykarýan meseleleriniň biridir. Şeýle-de bolsa žurnalistiň belli bir ugur boýunça işlände, onuň tejribesiniň, ukybynyň bir ugra gönükdirilende, işiň hiliniň derejesine oňyn täsir edýändigi aýdyň hakykatdyr. Görnüşi ýaly, redaksiýalarda işleýän döredijilik işgärleriniň, žurnalistleriň belli bir ugry boýunça ýöriteleşlmegi işiň netijelliligini ýokardandyrýar. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, belli bir ugur boýunça işleýän žurnalistleriň jogapkärçiligiň ýokarlanmagynda, olaryň öz işine bolan çemeleşmeleriniň hemmetarpalaýyn häsiýete eýe bolmagynda örän ähmiýetlidir.
Okalan sany: 46   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05831 sek. ýüklenen baýt: 31410