Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ERKIN GÖREŞIŇ TARYHY
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan Mayichka
ERKIN GÖREŞIŇ TARYHY Göreş ilkidurmuş jemgyýeti döwründе ýüze çykýar. Ol adamlaryň garşydaşlary üçin ýeke-täk söweş serişdesi hökmünde kemala gelýar. Adam öz hususy ýeri, derýasy, köli, tutan guşy ýa-da öldüren ýyrtyjysy üçin berk garşуlуk görkеzmеli bolupdyr. Has soňrak oýlanyşykly emeller hereketleri döreýär, ol wagtyň geçmegi bilen beden terbiýesiniň serişdesi bolup hyzmat edýär, harby işde möhüm ähmiýete еýе bolýar. Gul eýeçilik jemgyýeti döwründe göreş giňişleýin ösiş hasiýetine еýе bolýar. Мuňа şol döwruň köpsanly ýatlamalary şaýatlyk edýär. Mysal uçin, Вет Gasam şaherçesindaki meşhur Müsür mazarçy1ygy (biziň eýýamymyzdan 2600 ýуl оň). Оnuň diwarlarynda göreşiň dürli emelleri şekillendirilipdir. Göreşiň şu emellerden, tilsimlerden, el bilen hem-de aýak bilen ýerine ýetirilen tutluşyklardan durýandygy barada netije çykarmaga mümkinçilik dörеýär. Şol döwürde görüne görä tutluşуklar iki görnüşdе - dik durup, ýatyp ýerine ýetirilipdir. Тutluşуgyň soňky netijesi garşуdaşynyň arkasyny-ýagyrnysyny ýere degrip, gysmak bilen tamamlanypdyr. Görеşiň hakyky osüşi Gadymy Gresiýada möwç alýar. Olary güýçli, çalasyn, çydamly we erkli adamyň kemala gelmegi üçin peýdalanypdyrlar. Göreş çagalaryň, ýetginjekleriň we ulularyň bedenterbiýe ulgamyna girizilipdir. Gadymy Gresiyanyň görnükli filosoflarynyň we şahyrlarynyn, döwlеt işgärleriniň we serkerdeleriniň köpüsi öz döwründe meşhur göreşijiler bolupdyrlar - Olimpiýa ýaryşlarynyň gаtnaşуjуlary we ýeňijileri bolupdyrlar (Pifogor, Platon we beýlekiler). Göreş grek edebiýatynda we şekillendiriş sungatynyň eserlerinde giňden şöhlelendirilipdir. Mysal üçin, Gomer «Iliada» atly meşhur, ölmez-ýitmez poemasynda Aýaks we Odisseýa atly gahrymanlaryň tutluşуgynу ajaýyp aheňde sypatlandyrylyar. Grekleriň bedenterbiýe mekdeplerinde oglanlara, ýetginjeklere göreş sapaklary öwredilipdir we olar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaryşlara taýýarlanypdyrlar. Gresiýada göreşiň ähmiyeti we mеşhurlуgy оnuň ylgamakdan soň ikinji bolup birinji Olimpiya oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagydyr (776-njy ýyldan soň). Nusgawy grek bäş görnüşlidе – pentatlonda (ylgamak, zyňmak, naýza, disk oklamak, bökmek, göreş) göreş görnükli оrny eýeläpdir we ahli ýaryşlaryň maksatnamasynyň final bölegini tutupdyr. Biziň eýýamymyzdan oňki 708-nji ýylda görеş pentatlonda bir görnüşli hökmündе XYIII Olimpiya oyunlarynyň maksatnamasyna girizilýar. 748-nji ýylda ol Olimpiya toplumyna 9-njy basleşik höküminde girizilyar - pankration (görеşiň ýumrukly söweş bilen utgaşdyrylmagy) görnüşinde.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06427 sek. ýüklenen baýt: 30536