Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
KIÇI FUTBOLYŇ ÖSÜŞ TARYHY
Ýazylan wagty: 14 мая 2018 Ýazan Mayichka
KIÇI FUTBOLYŇ ÖSÜŞ TARYHY Kiçi futbolyň döreýiş we taryhy ösüş köküni geçen asyryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Latyn Amerikasynyň döwletlerinde XX asyryň 20-30-njy ýyllarynda mekdep okuwçylary we talyplar kiçi futboly azaldylan düzümde diňe bir açyk meýdançalarda däl-de, eýsem sport zallarynda hem oýnapdyrlar. Kem-kemden zaldaky futbolyň düzgüni resmileşdirilip başlanypdyr, diňe söýüjiler toparlarynyň gatnaşmagynda köpsanly ýaryşlar geçirilipdir. Öz manysy boýunça demokratik jemgyýetiň az sanly gatlagy üçin elýeterli bolan bu oýun Braziliýa, Urugwaý, Argentina ýaly döwletler üçin barha meşhur häsiýete eýe bolupdyr. Bu döwletleriň görnükli klublarynyň zehinli oýunçylary öz kiçi futbol toparlaryna çagyrýan pursatlary seýrek bolmandyr. Ýewropa kiçi futbol has soňrak gelipdir. Kiçi futbol Ýewropada ilkinji bolup awstriýalylar oýnap başlapdyr diýlip hasaplanylýar. 1958-nji ýylda Awstriýanyň milli ýygyndy toparynyň ýolbaşçylarynyň biri Ýosef Argauer bu oýun baradaky pikiri Şwesiýadan getirýär, onda bu duýgy dünýä çempionaty döwründe zalda brazil ýygyndysynyň iki taraplaýyn türgenleşik duşuşygyny synlandan soň döreýär. Ýozef kiçi futboldan duşuşyklar geçirmek baradaky pikir bilen gyzyklanyp, Wenanyň Ştathalesinde ýurduň öňdebaryjy futbol klublarynyň gatnaşmagynda turnir guramaklygy teklip edýär. Synag görnüşli duşuşyklar oňa gatnaşyjylaryň we guramaçylaryň göwnünden turýär. Gyş döwründe kiçi futbol boýunça turnirleri geçirmeklik däbe öwrülýär. Kem-kemden kiçi futbol boýunça ýaryşlar Ýewropanyň beýleki döwletlerinde-de meşhurlyk gazanyp başlaýar. Moskwada, Sankt-Peterbugda, Kiýewde, Tbiliside futbol toparlary (klublary) ýerli ýaryşlara gatnaşyp başlaýarlar. Soňra bu şäherlerde ýapyk manežleriň emele gelmegi bilen kiçi futbol boýunça geçirilýän ýaryşlar öz ähmiýetini ýitirip başlaýar. Muňa garamasdan, Ýewropa döwletlerinde gyş döwründe kiçi futbol boýunça futbol klublarynyň gatnaşmagynda geçirilýän ýaryşlar şu günki güne çenli meşhurdyr. Mysal üçin, Germaniýada şeýle turnirler elmydama ýiti häsiýete eýedir – köpsanly daşary ýurt futbol klublary oňa çakylyk almagy arzuw edýärler. Köp döwletlerde kiçi futbol ilkinji nobatda mekdepleriň, kolležleriň okuwçylarynyň, uniwerisitetleriň talyplarynyň arasynda has meşhurlyga eýe bolýar. Bu bolsa halkara futbol federasiýasynyň (FIFA-nyň) ýolbaşçylarynyň ünsüni özüne çekýär – olar bu oýnuň ýeke-täk düzgünini işläp taýýarlamaga başlaýarlar. Şu maksat bilen FIFA üç sany synag turnirini geçirýär. Olaryň biri 1986-njy ýylyň noýabrynda Wengriýada geçirilýär we bu ýurduň paýtagtynyň iri sport öýleriniň biri bolan „Budapeşt” dürli döwletlerden 8 topary ýygnaýar. Ýer eýeleri bolan Wengirýanyň ýygyndy topary finalda gollandlary utup, bu ýaryşyň ýeňijisi bolýar. Şeýle-de Ispaniýadaky we Awstriýadaky kiçi futbol boýunça synag ýaryşlary üstünlikli geçýär. FIFA-nyň kiçi futboly ösdürmekdäki indiki bir möhüm ädimi 1989-njy ýylga Gollandiýada geçen birinji dünýä çempionaty bolýar. Onuň aýratynlygy bu ýaryşa gatnaşmaklygyň sporta mahsus wezipeleri esasynda däl-de, FIFA-nyň çakylygy esasynda bolmagydyr. Bu hem öz-özünden düşünüklidir. Sebäbi kiçi futbol boýunça milli çempionatlar diňe birnäçe döwletlerde geçirilýär we deslapky saýlama oýunlary geçirmekligiň manysy ýokdur. Kiçi futbol boýunça birinji dünýä çempionatynyň ýeňijisi final duşuşykda Germaniýanyň güýçli toparyndan üstün çykan Braziliýa bolupdy. Şondan bäri kiçi futbol boýunça dünýä ýaryşlary ýeke-täk düzgünnama boýunça geçirilip başlanýar. Oňa gatnaşyjylar bu oýna ýöriteleşdirilen oýunçylar bolýarlar, kiçi futbolyň ýa-da köp döwletlerde atlandyrylyşy ýaly, futzalyň uly futboldan aýrybaşgalanmagy şeýle ýüze çykdy – bularyň ikisiniň-de halkara futbol federasiýasyna FIFA degişlidigine garamazdan, dünýäde futzalyň ösmegine meýilleşdirilen işleriň geçirilmegi üçin FIFA öz gurluşy boýunça ýörite komitet döredýär. FIFA-nyň futzal üçin komitetiniň esasy wezipesi oýnuň düzgünlerini kämilleşdirmek, dünýä çempionatlaryny guramak we geçirmek bolup durýär. 1989-njy ýyldan soň ýene-de dört sany dünýä çempionaty geçirilýär. 1992-nji ýylda Gankongda we 1996-njy ýylda Ispaniýada ýeňiş ýene-de braziliýalylaryň tarapynda bolýar. 2000-nji ýylda Gwatemalede we 2004-nji ýylda Taýlandda geçirilen dünýä birinjiliginde ýeňiş Ispaniýanyň ýygyndysynyň toparynda bolýar.
Okalan sany: 33   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05198 sek. ýüklenen baýt: 32524