Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT ULGAMYNDA GADYMY DÖWRÜŇ BEDENTERBIÝESI
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan Mayichka
SPORT ULGAMYNDA GADYMY DÖWRÜŇ BEDENTERBIÝESI
Bedenterbiýäniň taryhy mugallymçylyk bilimleriniň we taryhyň özboluşly pudagydyr. Ol beden terbiýesi baradaky ylmyň wajyp bölegi hasaplanylýar. Bedenterbiýäniň we sportuň döremegi ony öwrenmekligiň umumy kanunalaýyklygy hasaplanylýar. Durmuşdaky ýaşaýyş aýratyn häsiýete eýe bolýar we zähmet öndürijiliginiň derejesi dürli depginde iş alyp barmagy talap edýär. Köpçülikleýin aw – agzybir hereketiň we bilelikdäki zähmetiň netijesinde amala aşyrylypdyr. Şol bir wagtda aw döwri ýeňilligi, çeýeligi we çydamlylygy talap edipdir. Emma bu diňe beden maşklaryna uýgunlaşyp, beden taýdan oňat ösen adamlara başardypdyr. Gadymy adamlarda tejribesini öwretmek durmuşy görnüşde alnyp barlypdyr. Umumy fiziki taýýarlyk baradaky taryhy ylym kanunlary üpjün etmäge, aýratynlyklara we ş.m. ýolbaşçylyk edýär. Başlangyç tapgyrlarda beden terbiýäniň dürli ulgamlary peýdalanylypdyr. Adamlar oýunlarda we maşklarda anyk aw hereketlerini ýa-da beýleki hereket görnüşlerini şöhlelendiripdirler. Gul eýeçiligi jemgyýeti döwründe hojaýynlar gullary gorkuzmak bilen höküm sürüpdirler. Bedenterbiýäniň görnüşleri feodal jemgyýeti döwründe-de ähmiýetli baha eýe bolupdyr. Bedenterbiýäniň esasy ony döwürlere bölmeklikdir. Şuňa laýyklykda jemgyýeti ösdürmegiň durmuş-ykdysady ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen bedenterbiýäniň taryhyny şu aşakdaky tapgyrlara bölüp bolýar: Ilkidurmuş we gul eýeçiligi döwründe bedenterbiýäniň görnüşleriniň aýratynlyklaryny şöhlelendirýän gadymy dünýä bedenterbiýesiniň taryhy. Buržuaz jemgyýetiniň döreýşini we hökümdarlygyny görkezýän orta asyrlar bedenterbiýesiniň taryhy. Kapitalizm jemgyýetiniň bedenterbiýesiniň ösüşini we hökmürowanlygyny görkezýän täze döwrüň bedenterbiýesiniň taryhy. Sosialistik görnüşli bedenterbiýäniň – iň täze döwrüň bedenterbiýesiniň taryhy. Bedenterbiýäniň taryhy öwrenilende onuň ösüşiniň umumy kanunalaýyklygynyň häsiýetnamasyna, ol ýa-da beýleki durmuş ykdysady ösüşe degişliligine, jemgyýetiň ýaşaýyş-durmuş şertlerine täsirini kesgitleýşine we olaryň esasy ösüşiniň sebäplerini kesgitleýşine aýratyn üns bermelidir.
Okalan sany: 49   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05269 sek. ýüklenen baýt: 30124