Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
URUG – TAÝPA GURLUŞYGY DÖWRÜNIŇ BEDENTERBIÝESI
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan Mayichka
URUG – TAÝPA GURLUŞYGY DÖWRÜNIŇ BEDENTERBIÝESI Ilkidurmuş jemgyýetiniň kemala geliş döwri metallary ele almaklyk bilen we çarwadarlygy hem ýeri özleşdirmegi tapawutlandyrýan zähmet bilen baglanyşyklydyr. Ol ykdysady we durmuş ýaşaýşynyň wajyp üýtgewi bilen häsiýetlendirilýär. Hökmany demokratiýa eýýamy urug-taýpa gurluşynyň kemala geliş döwri üçin görkeziji bolup hyzmat edýär, tire-taýpalaryň arasyndaky çaknyşyklar yzygiderli häsiýete eýe bolupdyr, uruşlar bolsa hemişe bolup, talaňçylyk häsiýetde alnyp barlypdyr. Urug-taýpalaryň jemgyýetçilik durmuşynyň merkezi gizlin soýuzlar diýlip atlandyrylypdyr. Soňra jemgyýetçilik terbiýesiniň başlangyç görnüşleri bolan edaralar – “ýaşlar öýleri” ýüze çykyp başlapdyr. Bu soýuzlar köpçülikdäki doly hukukly işgärleri taýýarlamak we terbiýelemek üçin döredilipdir. Bir ýaş toparyndan beýlekä geçirmeklik yzygiderliligi berk saklanypdyr. Soýuza şol taýpanyň ähli erkekleri girip bilipdir, ýetginjekler beden taýýarlygyny ýüze çykarýan agyr synaglary başdan geçiripdirler. Gizlin soýuzlarda beden terbiýesi örän köpdürliligi bilen tapawutlanypdyr (ylgaw, bökmek, ýaýdan ok atmak we ş.m.). Urug-taýpa jemgyýetiniň kemala gelmegindäki gizlin soýuzlaryň soňraky hereketi üýtgäp, olaryň terbiýeçilik ähmiýeti peselýär we olaryň dowam edijilik hereketi ýatyrylýar. Gadymy nemeslerde bedenterbiýe harby häsiýete eýe bolupdyr, muňa Gasit, Sezar ýaly awtorlaryň ýazgylary şaýatlyk edýär. Harby beden terbiýesi gadymy nemes ýaşlarynyň ýaşaýyş durmuşyny aňladypdyr. Taryhçylaryň şaýatlyk etmeklerine görä, urug-taýpa üýşmeklerinde galkanly naýza zyňyşlary geçirilipdir. Engelsiň belleýşi ýaly, gadymy nemes jemgyýetiniň erkekleriniň esasy meşgullanmalarynyň biri harby maşklar bolupdyr. Suwda ýüzmeklige, at münmeklige, göreşe, top bilen oýnalýan oýunlara hem uly üns berlipdir. Gadymy slawýanlarda-da edil şonuň ýaly, beden terbiýesi ýeterlik derejede giň gerim alypdyr. Özboluşly edaralar, jaýlar bolan erkekler öýleri hakda, olaryň ýaş aýratynlyklary taýdan bölünişleri barada halk arasynda aýdylýan rowaýatlarda ýatlanylyp geçilýär. Gadymy Peruda ýaşlaryň güýç, çydamlylyk endikleri laýyk saýlanylan maşklar esasynda ösdürilipdir, harby beden terbiýesi bolsa juda berk synaglar astynda alnyp barlypdyr we onuň manysy göreş, güýç synanyşmagyň esasyndaky maşklardan düzülipdir. Kimde-kim bu synaglara döz gelip bilmese, topara goýberilmändir. Antik döwründe şeýle-de gimnastika, ylgaw sungaty öňe sürlüpdir.
Okalan sany: 42   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06367 sek. ýüklenen baýt: 30956