Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
GADYMY GREKLERIŇ BEDENTERBIÝESI
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan Mayichka
GADYMY GREKLERIŇ BEDENTERBIÝESI
Gadymy Grek medeniýetiniň ösýän döwründe, biziň eýýamymyzdan öňki V-IV asyrlarda Sparta we Afin döwletlerinde gul eýeleriniň çagalaryny ýaşlykdan harby gulluga taýýarlamak üçin ýörite mekdepler açylypdyr. Sparta döwletinde çagalar doglan gününden hasaba alnypdyr we olara döwlet tarapyndan döredilen senatlar seredipdirler. Eger-de çaga sagdyn doglan bolsa, onda ony ata-enesine berip, 7 ýaşy dolandan soň mekdebe getirmegi talap edipdirler. Eger-de çaga sagdyn bolmasa, onda ata-enesine „Siziň çagaňyz näsag doguldy, ondan jemgyýete peýda gelmez” diýip, çagany gaýadan taşlap ýok edipdirler. Spartanlaryň mekdeplerinde çagalara 7 ýaşdan 20 ýaş aralygynda harby tälim beripdirler. Bu döwletde bedenterbiýe bermeklik gyzlary hem öz içine alypdyr. Sebäbi olar sagdyn maşgaladan sagdyn çaga bolar diýipdirler. Afiny döwletinde çagalar 7 ýaşaýança öýlerinde terbiýelenipdirler. Spartan döwletinden tapawutlylykda Afiny döwletinde hususy mekdepler bolupdyr. Çagalar 7 ýaşdan 14-16 ýaşa çenli hususy mekdeplerde okadylypdyr. Şol mekdeplerde sowat, aýdym-saz öwredilipdir. Gimnastikada beden maşklary geçirilipdir. Onda beden terbiýesiniň iň bir esasy serişdesi grek bäş görnüşi - ylgaw, bökmek, disk we naýza zyňmak, göreş giripdir. Esasy maksat beden taýdan taýýarlyk, gerçekligi terbiýelemek we ruhuň berkligini kemala getirmek hasaplanylypdyr. Mundan başga-da owadan syratlylyga, yeňil çeýelige üns berlipdir. 14-18 ýaşly ýetginjekler ýörite gimnastikaçylaryň gözegçiligi astynda okadylypdyr. Gimnastikaçylar çagalaryň bedenleriniň durkuny ösdüripdirler we olaryň atletizm bilen meşgullanmagyna ýolbaşçylyk edipdirler. 18 ýaşdan 20 ýaşa çenli efebiýada harby tälim alypdyrlar. Efebiýada gylyçlaşmagy, peýkamdan ok atmagy, zyňmagy öwredipdirler.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07570 sek. ýüklenen baýt: 29959