Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BEDENTERBIÝÄNIŇ YLMY NAZARYÝETINIŇ ÖSÜŞI
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan Mayichka
BEDENTERBIÝÄNIŇ YLMY NAZARYÝETINIŇ ÖSÜŞI XIX asyryň ikinji ýarymy Orsýetde bedenterbiýäniň nazaryýetiniň has ösen, milli medeniýetiň ýokary göterilen we şol döwrüň ynsanperwer jemgyýetçilik hereketiniň ösen döwri hasaplanylýar. Bedenterbiýäniň ynsanperwer nazaryýetiniň ösmegi üçin Çernyşewskiniň, Dobrolýubowyň işleri aýratyn ähmiýete eýe bolupdyr. Çernyşewskiý (1828-1889) we Dobrolýubow (1836-1861) öz işlerinde adamyň akyl taýdan, ahlak we beden güýjüniň ösüşiniň hökmanylygyny tebigy ylymlaryň esasynda subut edipdirler. Olar beden terbiýäniň esasy wezipelerini adamdaky oňat fiziki ösüşde, pikiriň aýdyňlygynda, halkyna berlenliginde hasaplapdyrlar. Beden terbiýäniň serişdeleri saýlanylanda guraldyr enjamlaryň tebigylygyna üns beripdirler, şahsy gigiýena, günüň dogry tertipde bölünmegi we ylgamak bilen baglanyşykly beden maşklaryna ünsi güýçlendiripdirler. Dobrolýubow material taýdan birlige we adamyň bedeniniň bütewüligine esaslanypdyr. Ol haýsydyr bir bedeniň ösüp, beýlekä zyýan ýetirmegini doly sagdyn beden diýip hasap etmeli däl diýipdir. Gimnastikanyň peýdasyny tassyklamak bilen Dobrolýubow myşsalaryň adatdan daşary maşklar bilen meşgullanmagyna garşy çykypdyr. Beden terbiýäniň nazaryýetiniň ösmegine demokrat, magaryfçy, tankytçy we publisist D. Pisarýow (1840-1868) ägirt uly goşant goşýar. Çagalaryň saglygyny goramak (dürli ýaşda), ösdürmek, berkitmek, mekdeplerde oýunlary girizmek onuň öňe süren taglymatlary bolupdyr. K. D. Uşinskiý (1824-1870) bedenterbiýäniň işeňňir göreşýän tarapdar pedagogy bolupdyr. Onuň “Adam terbiýäniň predmetidir” diýen işi bedenterbiýäniň esaslaryny tebigy hem ylmy taýdan ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Uşinskiý diňe bir bedenterbiýäniň mekdepde hökmandygy hakda meseläni goýman, eýsem onuň ägirt uly terbiýeçilik ähmiýetini subut edipdir. Oýunlar we beden maşklary çagalaryň dynç almalarynyň, gyzyklanmaryň üstüni ýetiripdir, olaryň dürli taraplaýyn ösüş endiklerini ösdüripdir. Beden terbiýesiniň aýratynlyklaryny esaslandyrmak üçin I. I. Pirogowyň (1810-1881) we I. M. Seçenowyň (1829-1905) işleriniň ähmiýeti uly bolupdyr. Meşhur hirurg Pirogow anatomiýa funksiýasynyň täze ugrunyň başyny başlaýjy bolup çykyş edipdir. Adam bedeniniň anatomiki gurluşyny öwrenmek arkaly şonuň esasynda adam bedeniniň gurluşynyň olaryň funksiýalaryna – wezipelerine baglydygyny tassyk etdi. Bu adam bedeniniň görnüşiniň ösmeginde beden maşklarynyň täsirini ýüze çykarmakda uly ähmiýetiniň bardygyny tassyklady. Lukmanlar Ý. Petrowskiý (1834-1895), Ý. Dementýew (1830-1918) bedenterbiýäniň nazaryýetiniň ösmegine köp täzelikler girizdiler. Olar çagalaryň maşgalada, mekdepde funksional ösüşiniň tarapdarlary bolupdyrlar. Olar oýunlaryň we beden maşklarynyň fiziki güýji ösdürmekde, saglygy berkitmekde ähmiýetiniň uludygyny tassyklapdyrlar.
Okalan sany: 53   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05585 sek. ýüklenen baýt: 31308