Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan NEXTTM




Aşgabatly saz muşdaklary ýaşajyk skripkaçy

gyz Selin Samsaryň ussatlygyna mynasyp baha berdiler

Magtymguly adyndaky Sazly-drama teartynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň
ýaş sazandalarynyň konserti boldy, ony ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi
we dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasy gurnadylar.


Aşgabatly saz muşdaklary 13 ýaşly zehinli skripkaçy Selin
Samsaryň döredijiligi bilen tanyşdylar. Konserte Resul Gylyjowyň
ýolbaşçylygyndaky Ýaşlar kamera orkestri, TMK-nyň ýanyndaky
Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň we türkmen-türk mekdebiniň
çagalar horlary gatnaşdylar.


Seliniň skripka çalyp başlanyna o diýen köp wagt geçenok, ol 9 ýaşyna çenli fortepiano çalmagy öwrenýärdi...


-Şeýle gysga wagtda skripka ýaly öte çylşyrymly guralda saz
çalmaga ökdelemek seýrek, asla aýratyn üýtgeşik ýagdaý diýse bolar.
Selin orkestriň sazandalary bilen çalt dil tapdy. Onuň konsertlere
gatnaşyp, tejribe toplandygy göze ilýär- diýip, Ýaşlar kamera
orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjow gürrüň berýär.


Selin Samsar saz agşamyny Dmitirý Kabalewskiniň “Orkestr we
skripka üçin konserti” bilen açdy, onuň ussatlygy tomaşaçylarda ýakymly
täsir galdyrdy.


Konsertde türkmen-türk mekdebiniň we Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörüteleşdirilen sazçylyk
mekdep-internatynyň hor toparlary meşhur türkmen we türk eserlerini
ýerine ýetirdiler.


Selin Samsar Ýörüteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynyň
skripkaçylar ansambly bilen bilelikde Esin Enginiň “Saýrak guş” eserini
ýerine ýetirdi, diňleýjiler sazandalary sowhunly el çarpmalar bilen
mübäreklerdiler.


Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr Wolfgang Amadeý
Mosartyň “Rondo”, Astor Pýassollanyň “Fantastiki fuga”, Artur
Polonskiniň joşgunly “Çardaş”, Aman Agajykowyň “Aýly gaşam” eserlerini
we beýelki tanymal nusgawy sazlary ýerine ýetirip, diňleýjileri sazlar
ummanyna atardy.


Dostluk konserti özboluşly küştedepdi bilen jemlendi.

Çeşme: turkmenistan.gov.tm
Okalan sany: 89   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06551 sek. ýüklenen baýt: 31103