Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Konstitusiýa – demokratik döwletiň, adalatly raýat jemgyýetiň berk hukuk binýadydyr
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Demokratiýa, kanunyň hökmürowanlygy, ynsanperwerlik, adalatlylyk ýaly umumadamzat gymmatlyklar Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy bolsa jemgyýetiň asudalygyny we jebisligini, döwletiň berkararlygyny üpjün edýän berk hukuk binýadydyr. Dünýäniň islendik döwletinde bolşy ýaly, türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda toplan milli döwletlilik däpleri bilen döwlet gurmak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesi utgaşdyrylyp döredilen garaşsyz döwletimiziň özboluşly aýratynlyklary Konstitusiýamyzyň kadalarynda we ýörelgelerinde ebedileşdirildi. Esasy Kanunymyzda döwletimiziň konstitusion gurluşynyň esaslaryny berkidýän kadalara aýratyn orun berilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 1-nji maddasynda bellenilen: «Türkmenistan – demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak Prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar» diýen hukuk kadasy türkmen halkynyň milli özboluşlylygyna we umumy ykrar edilen halkara ýörelgelerine laýyk gelýän döwlet syýasy-hukuk gurluşyna ygrarly bolup galýandygyny tassyklaýar.
Esasy Kanunymyzda demokratik, dünýewi hukuk döwleti hökmünde kesgitlenen döwletiň ähli syýasy, ykdysady, medeni-durmuş serişdeleri, guramaçylyk, hukuk esaslary bitewilikde baş maksada – Türkmenistanyň beýik geljegini, türkmen halkynyň, her bir raýatyň kadaly ýaşaýşyny, goraglylygyny üpjün etmäge, şahsyýetiň kämillige ymtylyşyny höwesledirmäge gönükdirilendigi aýratyn beýan edilýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ähli raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň hem zäh¬met çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga hukugy kepillendirilýär. Durmuş syýasaty öňi bilen goldawa we goraga mätäç raýatlara gönükdirilendir. Konstitusion hukuklara laýyklykda, durmuş taýdan üpjünçilik –zähmete ukypsyz raýatlara, maýyplara, köp çagaly maşgalalara we beýleki adamlara maddy taýdan üpjünçiligiň, durmuş hyzmatyny etmegiň pensiýalar, döwlet kömek pullary hem-de durmuş ýeňilliklerini bermek görnüşinde tölegler arkaly amala aşyrylýar. Döwlet serişdeleriniň hasabyna köp çagaly maşgalalara, ene-¬atasyz çagalara, urşa gatnaşyjylara, döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerini goramakda saglygyny ýitirenlere goşmaça goldaw berilýär.
Türkmenistanda  dünýä ölçeglerine gabat gelýän ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen bilen üpjün edilen, demokratik, ösýän ykdysadyýetli, kämil syýasy ulgamly, adalatly jemgyýet bina edilýär. Esasy Kanunymyzdan ugur alyp, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny ösdürmek boýunça orta we uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen milli we döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär, halkymyzyň aň-düşünjesi, bilim derejesi, syýasy işjeňligi artýar. Konstitusiýamyza laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy, deň we göni saýlawlar esasynda amala aşyrylýar. Şu nukdaýnazardan 2018-nji ýylyň 25-nji martynda erkin bäsdeşlik, açyklyk, pikir we söz azatlygy ýaly hakyky demokratiýa ýörelgelerine esaslanyp geçirilen saýlawlaryň esasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň täze düzüminiň saýlanylmagyny döwletimiziň we jemgyýetimiziň demokratik, hukuk hem-de dünýewi esaslaryny pugtalandyrmaga, durnukly syýasy institutlary döretmäge gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň örän oňyn ädimleri hökmünde ýokary baha bermek bolar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy Milli Liderimiziň kanun çykaryjy ulgamy hem-de kanun ulanyjylyk tejribesini ynsanperwerleşdirmek boýunça başlangyjy esasynda has-da kämilleşdirildi. Konstitusiýada beýan edilen kadalar, ýörelgeler hem-de düzgünler, elbetde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny kesgitledi. Hukuk, dünýewi döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmak, jemgyýetimizde demokratiýany ösdürmek, syýasy, jemgyýetçilik, ykdysady, ylmy-medeni özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, milli kanunçylygy halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek işleri Hormatly Prezidentimiziň örän oýlanyşykly döwlet syýasatyna laýyklykda durmuşa geçirilýär.
Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende göterýän, halkara abraýyny pugtalandyrýan beýik başlangyçlaryň özenidir.

Okalan sany: 16   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06419 sek. ýüklenen baýt: 32851