Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Тakwalaryň aýratynlyklary
Ýazylan wagty: 15 мая 2018 Ýazan NEXTTM
a) Iman. Muttaky adamyň ilkinji we esasy aýratynlygy iman eden bolmagydyr. Çünki iman takwanyň esasy, takwa bolsa imanyň binasydyr. Allanyň birligine iman etmedik adam dogry ýoly tapyp bilmez. Ahyret gününe iman etmek bolsa, Allatagalanyň jeza ýada sylag bermekdäki adalatyny şeksiz, şübhesiz kabul etmekdir. Dünýädäki berilýän jezalaryň ýa-da sylaglaryň doly manyda ýerine düşmeýändigine gözi ýeten adam, ahyrete bolan imanynyň saýasynda eden ýagşylyklaryna irde-giçde sylagyň beriljekdigine ynanar we bagtyýar ýaşar. Perişdelere edilen iman adamzadyň gaýyba bolan ynanjyny berkider. Kitaplara iman etmekligiň içine bolsa ähli pygamberlere berlen kitaplar we sahypalar girýändir. Kitaplar adamzadyň ýaşaýyş-durmuşyny düzgün-nyzama goýýan ylahy kanunlardyr.
b) Infak/Harçlamak. Takwa adam diňe özüni bilmän, eýsem Allatagalanyň özüne eçilen nygmatlaryndan garyndaşlara, mätäçlere, ýetimlere, ýolda galanlara we dilegçilere-de harçlar we bu nygmatlaryň olara-da ýetmegine üns berer.
ç) Namaz. Takwalaryň esasy aýratynlyklaryndan biri-de bäş wagt namaz okamagydyr. Olaryň bu aýratynlyklary Kurany Kerimde birnäçe ýerde habar berilýär.
d) Zekat. Mal-mülkiň hakyky eýesi Allatagaladyr. Ony islänine bol berer, isläninden gysar. Emlägiň adamzada bol berilmegi-de synagdyr, az berilmegi-de synagdyr. Özüne emläk bol berlen adam hiç haçan bu emlägiň hakyky eýesiniň Allatagaladygyny unutmaly däldir. Bu emlägiň zekatyny, sadakasyny hak eýeleri bolan garyplara, ýetimlere we mätäçlere gowuşdyrmalydyr. Özüni emlägiň adamlar arasyndaky deň paýlanyşygyna araçy goýlan hasaplamalydyr. Her pursat şeýle baýlygy özüne rowa gören Allatagala şükür etmelidir. Ahyreti üçin özüne sogap getirjek haýyrly işler etmeklige, ylmyň ýaýylmagyna, umumy halkyň bahbidine ýarajak saglyk öýi, ýol, köpri, agyz suw we ş.m. gurmaklyga çalyşmalydyr. Rysgaly gysylan-da elmydama Ýaradanyna şükür etmelidir. Bu onuň üçin synagdyr. Esasy zat Allatagalanyň razylygyny umyt edip, zahmet çekmekdir, Allatagaladan bereket dilemekdir.
e) Ähde wepa. Ähde wepa, berlen söze, edilen sözleşmelere uýmakdyr. Ähde wepa; şahs, maşgala, jemgyýet, millet we döwletler arasynda ygtybarlygyň gazanylmagy üçin ähmiýetli bir zatdyr. Takwa adam hem Alla hem-de ynsanlara beren sözünde berk durar.
f) Sabyr. Takwa ynsan, kynçylyklaryň garşysynda egsilmez, muşakgatlara garşy sabyrly bolar. Takwa, beýik Allanyň her bir kynçylykdan soňra bir ýeňillik bagyş ediljekdigini biler we sabyr eder. Kuranda munuň bilen baglanyşykly aýatlaryň manysy şeýle:
“Elif. Läm. Mim. Bu (Kuran) özüniň (hakykatdygyna) şek – şübhe bolmadyk we takwalar (Alladan gorkýanlar) üçin dogry ýoly (görkezýän) kitapdyr. Olar (takwalar) gaýyba ynanýarlar, namaz okaýarlar we Biziň özlerine beren rysgalymyzdan (Allah ýolunda) haýyr – sahawat edýärler. (Şeýle-de) olar (takwalar) saňa inderilene (Kurana) we senden öňki (pygamberlere) inderilen (kitaplara) ynanýarlar. Olar ahyrete (hem) doly ynanýarlar.” (Bakara sür. aýat 1-4)
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05324 sek. ýüklenen baýt: 31086