Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
GOŇŞUÇYLYK BARADA
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan Mayichka
GOŇŞUÇYLYK BARADA «Kyýamat güni goňşudan» diýei dana nakyl bar. Başyňa ýagşy ýa ýaman iş düşende, uzakdaky dogan-garyndaşyň ýetişmezden öň möhümiňi gadyrly goňşyň bitirip berýär. Şonuň üçin türkmsnler «Öý alma, goňşy al» diýýändirler. «Kowusnamada-da» bu babatda şeýle ýazylypdyr: «Goňşyň ygtybarly bolmagyna üns bergin, jaý satyn alaňsoň, goňşyňa sarpa goýgun, onuň mertebesini saklagyn, çünki «Goňşy mertebesi hemmäňkiden beýikdir» diýipdirler» (108 sah.). Ertir-agşam ýüz-ýüze düşüp duransoň, goňşy goňşynyň üstün taraplaryny we kemçiliklerini her kesden gowy bilýär, ýöne goňşynyň asgyn taraplaryny ile ýaýmak. onuň gybatyny etmek adamçylykdan däldir. Hadysda-da bu babatda «Goňşular bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak yslam dininiň uly ähmiýet berýän zatlarynyň biridir. Ýagşy bolsun, ýaman bolsun—tapawudy ýok, goňşuçylyk haky üçin olaryň kemçiligine gözüňi ýummak musulmançylykdandyr» diýilýär (Hadys. Şerh, 1 bölüm, 17 sah.). Magtymguly hem «Hakyn nähak eýlemegin goňşynyň» diýip nesihat edýär. Il içinde «goňşy okara bolmak» diýen ýörgünli we durnukly söz düzümi bar. Onuň manysy goňşy bilen duz-emekli, ysnyşykly aragatnaşyk etmegi aňladýar. Öýüňde bişen nahardan goňşa dadyrmak, myhman gelende goňşyny hem zyýapata çagyrmak gowy goňşularyň däbidir. Türkmen obalarynda häli-häzire çenli soýlan malyň kellebaşaýagy bişirilende ýakyn goňşular çagyrylyp, bile naharlanmak däbi dowam edýär, täze guzlan sygryň owzundan, ýaňy bişen gawun-garpyzdan we miwelerden goňşa dadyrylýar. Derwaýys gerek, emma özüňde ýok zatlar (meselem, hojalyk gurallary) köplenç goňşudan soralýar, iki goňşy arasynda algy-bergi hem edilýär, Ýöne ownuk zatlary zol-zol goňşudan sorap, onuň ýüregine düşmeli däl. Iň gowusy, özüňden oňjak bolmaly. Bardy-geldi, haýsydyr bir zady goňşulardan amanat almaga ýa-da karz soramaga mejbur bolan ýagdaýyňda alan zadyňy hiç hili zyýan ýetirmän yzyna gaýtarmaly, onda-da «özi sorap geler» diýip arkaýynlanman, wagtynda «Taňry ýalkasyn» aýdyp, eltip bermeli, «Goňşynyň haky—Taňrynyň oky» diýen nakyla eýermeli. Goňşularyň özüne, mal-mülküne, ýerine zyýan ýetirjek zatlaryň öňüni almak gowy goňşynyň borjudyr. Oba ýerlerinde goňşy öýde ýok wagty onuň maly çolaşan bolsa ýa ýerine suw ýykyp gidip duran bolsa, ony dessine düzetmeli, boşan malyny tutup daňmaly. Goňşyň köpüň kömegine mätäç tutumly iş edýän bolsa (meselem, jaý salýan bolsa, keçe etse we ş. m.), oňa hökman kömekleşmeli. Baýramçylyk günlerinde ýa-da öýüňde dabaraly seneleri (doglan günleriňizi) belläniňizde, goňşulary çagyryň. Eger olar sizi çagyraýsa, hökman baryň, onda-da sowgatly barmagy unutmaň. Goňşulara azar berýän, olary bimaza edýän zatlardan gaça duruň. Gijesi bilen galmagal edip, bagşy ýa magnitofon aýtdyryp, goňşa azaryňy ýetirmek, olaryň çagalaryny we garrylaryny ukudan goýmak ýa-da oýarmak juda ýaramaz işdir. Öýüňizdäki çagalar goňşynyň çagalary bilen sene-mene edäýen ýagdaýynda-da salyhatlylygy elden bermeli däl, bolan wakany mylaýymlyk we gowy söz bilen düzetmäge çalyşmaly. Çaganyň urşany üçin onuň ene-atasy bilen gygyryşmak ýa-da göwnüne geler ýaly gaty-gaýrym söz aýtmak ynsana gelişmeýär, çünki çagalar uruşsa-da, tiz ýaraşýar, emma ulularyň arasyndaky kine uzaga gidýär. Gonşynyň çagalary bilenem mylaýym gürleşmeli, garrylaryny hormatlamaly. Olaryň biri syrkawlaýsa, halyny sorap durmaly, eliňden gelse kömek etmeli. Şäherleriň köp gatly jaýlarypda bir gapydap girip çykýan goňşularyň biri-birini tanamaýanlary-da az däl, hatda biri-biri bilen salamlaşmaýan goňşular hem duş gelýär. Her kim şeýle zatlaryň öňüni almaga ymtylmaly, özi salam bermese, sen oňa salam bermeli. Telewizory, magnitofony gaty açyp, goňşulara azar bermeli däl. Olary dynç alýan wagtlarynda bimaza etmek hem dogry bolmaz. Ja- ýyňyza ýa öý goşlaryňyza abatlaýyş işlerini geçireniňizde-de siziň takyrdy-güpürdiňiz goňşularyňyzyň asudalygyny bozmajak wagtyny saýlamaly we bu babatda goňşular bilen ylalaşmaly. Kön gatly jaýda siziň aşagyňyzda ýaşaýan goňşyňyz barada mydama alada etmeli, biwagt takyrdy-güpürdi edip, olaryň ynjalygyny bozmaly däl, olaryň üstünden suw geçirmeli däl. Bardy-geldi, suw geçiräýseňiz, dessine olardan ötünç soramaly we ýetiren zyýanyňyzy ýezüňiz düzedip bermeli. Diňe bir ýakyn goňşular bilen däl, eýsem töweregiňde, köçäňde ýaşaýanlar bilen ysnyşykly aragatnaşyk ediň. Olaryň toý-tomgusyna, hudaýýolusyna, sadakasyna gatnaşyp, eliňizden gelen kömegi ediň. Syrkawlarynyň halyny sorap duruň. Bardy-geldi, olarda biri aradan çykaýsa, aýak üstünde durup hyzmat ediň, jynazasyna, aýatlaryna, juma agşamlaryna hökman gatnaşyň. Merhumyň jaýlanan güni öýüňizde nahar bişirdip, olara nahar eltiň. Jemläp aýdylanda, siz öz goňşy-golamlaryňyza hormat etseňiz, size-de şeýle hormat ediler, olaryň ýanynda mertebäňiz belent bolar.
Okalan sany: 81   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05931 sek. ýüklenen baýt: 33447