Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Elektron gazetler
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan Mayichka
Elektron gazetler Bütindünýa internet ulgamynyň ýaýbaňlanmagy bilen kagyz görnüşinde çap edilýän gazetleriň redaksiýalary özleriniň neşirleriniň elektron görnüşlerini döredip başladylar. Elektron gazet, adatça, özüniň kagyz görnüşiniň bezeglerini, kompozisiýasyny saklaýar. Onuň adyndan soňra sany, çykan wagty, giriş tekstleri, sahypalaryň rubrikalary, sözbaşylary gaýtalanýar. Şeýle-de, käte onuň täzelikler sütüninde kagyz neşire salnyp ýetişilmedik iň täze habarlar berlip bilnerr Gazetiň elektron neşirleriniň birnäçe artykmaçlyklary bolýar. Meselem, onda kagyz neşirdäki ýaly çäklendirmeler az bolup, materialy doly, baýlaşdyryp bermäge, ýeterlik bezemäge, sahypalaryň göwrümini we mukdaryny geregiçe üýtgetmäge mümkinçilikler bar. Elektron neşirleriň çykdajysy hem az bolýar we internetiň elýeterliligi bilen baglanyşyklylykda onuň auditoriýasy giňelýär. 1990-njy ýylda Dewid Karlson tarapyndan esaslandyrylan “The Electronic Trib” amerikan interaktiw gazeti çap görnüşi bolmadyk ilkinji internet neşiri hasaplanylýar. Runetde 1999-2000-nji ýyllarda ýokary derejeli internet habar beriş serişdeleri kemala geldi. Elektron gazetleriniň kömegi bilen maglumatlary örän çalt—operatiw ýagdaýda okyjylara ýetirmek mümkinçilikleri uly bolýar. Kagyz görnüşli neşir edilýän gazetlerde habarlary diňe onuň çykýan wagty berip bolýan bolsa, internetde islendik wagt taýýar habaryňy bermäge şert bar. Käbir elektron gazetleri ilki başdaky formasyny saklaýan bolsa, birnäçesi onuň maketini, görnüşini yzygiderli özgerdýärler. Internet gurşawynda birtaraply däl-de, ikitaraply, köptaraply aragatnaşyk nusgasy ýola goýulýar. Auditoriýa diňe žurnalistden maglumaty almak bilen çäklenmän, bir wagtyň özünde maglumaty alyş-çalyş etmäge doly mümkinçilik tapýar. Internet žurnalisti öz eserini ýazanda, ony isledigiçe çuň, giňişleýin beýan edip biler, okyjysyna ýene-de birnäçe degişli çeşmeleri maslahat berip, onuň gyzyklanýan maglumatlaryny elýeterli edip biler. Beýle neşirleriň redaksiýasy hem özboluşlydyr, ýagny onuň çykmagy üçin birnäçe adamlaryň zerurlygy ýok. Baş redaktor öz elektron ulgamdan, internetden baş çykarýan işgärlerini öz öýünde ýa-da başga ýerde oturyp dolandyryp, olara tabşyryklary berip bilýär. Žurnalist hem islän ýerinde işini ýöredip bilýär. Web-redaktorlar tekstiň we onuň bezegleriniň üstünde işleýärler. Elektron neşirleriň okyjylaryna hem dürli ýeňillikler bar. Olar dürli maglumatlary mugt alyp bilýärler. Internet neşirleriniň bir ýetmezçiligi—ol hem dünýäde kompýuter we internet ulgamy elýeterli bolmadyk potensial okyjylaryň mukdarynyň köp bolmagydyr. Bu hem wagtyň geçmegi bilen aradan aýrylar. Internet neşiriniň tiražyny kesgitlemek hem adatdakylardan tapawutlydyr. Internete neşiriň diňe bir nusgasy ýerleşdirilýär. Emma islendik okyjy belli bir salgy boýunça ony tapyp okap bilýär. Diýmek, internet neşiriniň tiražy köpeldilmeýär, ýöne onuň ýerleşýän salgysy baradaky maglumat ýaýradylyp bilner. Şeýle-de biz internet neşirini açyp okan, köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň saýtyna giren adamlaryň hasabyny ýöredip bileris. Meselem, şu gün, şu hepde, ýa-da aýda neşiri näçe adamyň okandygy barada maglumat ýöredip bolar. Emma, köplenç, bir günde on adam saýta giren bolsa, 1 adam 10 gezek giripmi ýa-da 10 sany adamyň hersi bir gezek giripmi – bu maglumatlar, köplenç, hasaba alynmaýar.
Okalan sany: 80   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,18345 sek. ýüklenen baýt: 31779