Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORTUŇ PEDAGOGIKI ETIKASY
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan Mayichka
SPORTUŇ PEDAGOGIKI ETIKASY
Sport pedagogy we kollektiw. Pedagog sapagyň netijeliligini ilkinji nobatda düzgün-tertibi juda berk berjaý etmek arkaly gazanyp biler. Kollektiwe diňe ynsanperwer ýolbaşçylyk, türgenlere ýürekden dostlukly hem mähirli garaýyşlar, gatnaşyklar okuw-türgenleşik pursatlaryndan garaşylýan netijeleri bermäge ýardam berip biler. Öz işine çynlakaý çemeleşýän tälimçi özüne çekiji degişmeleri-de ulanyp biler, ýöne olar göwnedegiji äheňde bolmaly däldir. Sapak döwründe käbir türgenleriň ýerine ýetirýän maşklaryny deňeşdirmek hem garaşylýan netijeleri berip biler. Kiçigöwünlilik we sadalyk hakyky tälimçiniň häsiýetli taraplarynyň biridir. Ol öz şägirdiniň üstünligini öz şahsy abraýyna ýazmaýar, tersine, şowsuzlyk mahaly günäkäri gözlemeýär, özi onuň daşynda galmaýar. Tälimçiniň dogry yertibi, onuň kiçigöwünliligi we şägirtlerine hormaty sportdaky mertebesini galdyrýar. Çendenaşa mylaýymlyk hem gowşaklygyň alamatydyr. Kähalatlarda türgenlere temmi bermeli bolýar. Temmi bermek – täsir etmegiň güýçli görnüşleriniň biridir. Hakyky pedagog temmi bermegi örän seýrek ulanýar. Pedagog tälimçi öz şägirtlerine eminler bilen hiç haçan dawa etmeli däldigini öwran-öwran öwredýär, gaýtalaýar. Ine, şu zatlardan hem sportuň ädehedi (etiketi) gelip çykýar. Sportuň ädehedi (etiket) - edebi, düzgüni, kadasy näme? Islendik türgenleşikde, ýaryşda kesgitli tertip-düzgüni saklamaklyk; Öz wagtynda sapaga gelmeklik; Talap edilýän sport eşigini geýmek we tizara nyzama durmak; Sapaklary şadyýan salamlaşykdan başlamak; Duşuşykdan öň we soň iki topar hem biri-biriniň ellerini dostlarça gysmak Eminleri we garşydaşlary sylamak, hormatlamak; Adalatsyz gazanylan ýeňşe buýsanman, gowy netije görkezmek. Ussatlyk borjy we ahlak jogapkärçiligi. Sport pedagogy okuwçylary terbiýelemek maksady bilen olary hapa egin-eşikleri, köwşi, daralmadyk saçy bilen sapaga ýa-da ýaryşa goýberenok. Ol sallam-sajak eşikleriň, ütüklenmedik balakdyr köýnegiň, kirli hem hapa ýakalaryň, elýaglyklaryň, içki eşikleriň medeniýetsizlikden nyşandygyny, muggallyma goýulmaýan sarpany, dostlaryna, şol bir wagtyň özünde özüne goýulmaýan sarpany aňladýandygyny düşündirýär. Egin-eşik, onuň ykjamlygy, arassalygy, göze gelimliligi ynsanyň daş-töweregine, tebigata bolan gatnaşygyny aňladýar. Sport ädehedi haçan-da türgeniň ady tutulanda onuň ýerinden turmagyny we bir ädim öňe ätlemegini aňladýar. Haçan-da öz topary üçin ýa-da ýeňijisi üçin döwlet Senasy ýaňlananda gönelip, ykjam durmagy, döwlet Baýdagy galdyrylanda oňa öwrülip, şadyýan hem dabaraly durmagy, hormat münberinde gutlaglary salyhatly kabul etmegi aňladýar. Pedagog şeýle halatda baýrak alyjyny gutlamalydyr. Pedagogiki etikanyň iň esasy wezipeleriniň biri-de pedagoki borçdur. Borç – munuň özi adamzat jemgyýetiniň içki isleglerini ýerine ýetirýän ahlak mümkinçilikleridir. Borç bir tarapdan adamyň jemgyýetçilik isleglerini (Watan, halk, Prezident, jemgyýetiň ösmegi üçin arassa, çyn ýürekden zähmet çekmegi) aňladýan bolsa, beýleki tarapdan her bir adamyň özüne şahsy talabyny, jemgyýetiň aňly-düşünjeli talabyny ýerine ýetirmegi aňladýar. Ahlak jogapkärçiligi – bu etikanyň bir görnüşi bolup, jemgyýetiň ahlak talaplaryny häsiýetlendirýän hakyky ahlaklylygy aňladýar. Tälimçiniň ahlak jogapkärçiligi juda ýokarydyr. Ol şägirtleriniň diňe şu gününe däl, eýsem geljegine-de bagly bolup durýar. Munuň aňyrsynda pedagogiki ussatlyk, öz işine bolan ýokary başarjaňlyk durýar. Onuň üçin aýratyn, üýtgeşik zehin gerek däl. Haçan-da oňa kömek edenlerinde we onuň özüne talaby güýçli bolanda ol öz işiniň ussady bolýar. Ussat tälimçi elmydama täzeçillige ýykgyn edýär. Ol hiç haçan gazanylan, ýetilen sepgide razy bolmaýar. Elmydama täze zatlary adamyň aňyna ornaşdyrmaga ýardam berýänlere minnetdarlyk bildirýär. Tejribe we öz üstüňde ýadawsyz işlemeklik sport pedagogyny kämilleşen, öz işine ussat hünärmen edip taýýarlamaga ýarda
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05206 sek. ýüklenen baýt: 32086