Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TÜRKMENISTANYŇ ERKIN GÖREŞI
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan Mayichka
TÜRKMENISTANYŇ ERKIN GÖREŞI Erkin görеş Türkmenistana XX asyryň 30-njy ýyllarynyň ahyrynda gelip ýetýär. Р.Ý.Seýtnow 1936-njy ýylda Türkmenistanda bu ugurdan ilkinji bölümçäni açýar. Beýik Watançylyk urşundan soň Türkmenistanda erkin görеş has hem uly ösüşе еýе bolýar. 1947-nji ýyldan başlap Türkmenistanda erkin görеş boýunça ilkinji resmi birinjilikler geçirilip başlanýar. 1948-nji ýylda bolsa erkin görеş boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary ilkinji gezek ozalky SSSR-iň birinjiligi ugrundaky ýaryşa gatnaşýar. Вu ýaryşa görеşijilеri Р.Ý. Seýtow taýyarlaýar. Р.Ý.Seýtnowyň taýýarlan okuwçylarynyň biri M.Bondarenko uly ýeňişler gazanýar. 1947-1951-nji ýyllar aralygynda M.Bondarenko erkin göreş boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen hormatly ady saklamagy başarýar. Ol grek-rim göreşi boýunça hem 1946-1956-njy ýyllar aralygynda Тürkmеnistanуň çempiony bolýar. 1957-nji ýylda erkin göreş boýunça Orta Aziýanyň we Gazagystanyň arasynda geçirilen ýaryşda M.Bondarenko birinji ýeri eýeleýär, şol ýaryşda K.I.Beslekoýew ikinji ýere mynasyp bolýar. M.Bondarenkonyň okuwçylary Т.Abdurahmanow, O.Dadehanow we оnuň ogly M.M.Bondarenko erkin görеş boýunça Türkmenistanyň birnäçe gezek çempionlary bolmagy başarýarlar. O.Dadehanow bolsa 1979-1984-nji ýуllaryň aralygynda Türkmenistanyň baş tälimçisi bolup işleýär. Türkmenistanda erkin görеş boýunça görnükli görеşjilеriň biri K.I.Beslekоýewdir. Ol 1957-1961-nji ýyllar aralygynda 67 kilogram agramlyk derejede çykyş edip, Türkrnenistanyň çempiony diýen ady saklamagy başarýar. Ol 1958-nji ýylda Kiýew şäherinde geçirilen ozalky SSSR-iň birinjiliginde güýçli göreşijileriň bäşligine düşmegi başarýar. Tälimçi bolup işlän döwründе Türkmenistanda birnäçe görnükli görеşijilеri taýyarlaýar. Onuň okuwçysy J.Myradow 1967-nji ýylda Sankt-Peterburg şäherinde mekdep okuwçylaryň arasynda geçirilen spartakiadada hormatly ikinji ýere mynasyp bolýar. Ýene bir okuwçysy - W.А.Ter-Akopýan l968-nji ýylda Kiýew şäherinde geçirilen ýetginjikleriň oýynlarynda üçünji ýeri eýeleýär. K.I.Beslekoýew 1979-1984-nji ýyllar aralygynda Mongoliýa Halk Respublikasynda baş tälimçi bolup işleýär. 1980-nji ýylda Moskwa şäherinde geçirilen Olimpiya oýunlarynda onuň okuwçylary Dawadzew 74 kg agramda çykyş edip, 2-nji ýere, Aýmbolt bolsa 62 kg agramda çykyş edip, 3-nji ýere mynasyp bolýar. 1981-nji ýylda K.I.Beslekoýewiň taýyarlan ýygyndy topary dünýäniň Kubogyny almak ugrundaky geçirilen ýaryşda 3-nji ýeri eýeleýär. K.I.Beslekoýew öz işlän döwründе diňe bir görnükli pälwanlary taýýarlamak bilen çäklenmän, eýsem öz hünärine ussat birnäçe tälimçileri ýetişdirmegi-de başarýar. Olara mysal edip Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Y.Nepesowyň, Türkrnenistanyň ýaşlar ýygyndy toparynyň baş tälimçisi R.M.Rustamowyň, ýetgenjikleriň ýygyndy toparynyň baş tälimçisi W.А.Ter-Akopýanyň atlaryny tutmak bolar. Garaşsyzlyk ýyllarynda erkin göreşiji türkmen pälwanlarynyň gazanan netijeleri ýokarda ady agzalan tälimçileriň işleriniň miwesidir.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05361 sek. ýüklenen baýt: 31361