Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň Konstitusiýasy
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan NEXTTM
  Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni mynasybetli bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň güni her ýylda ulynyň-kiçiniň kalbyny buýsançly duýgylar bilen galkyndyrýar. Bu senäniň baýram edilişinde ýürege ýakyn ajaýyplyk bar. Bu-da täze taryhy eýýamda rejelenen görnüşde kabul edilen Konstitusiýamyzyň millet bagtyýarlygynyň aýdyň nyşanyna öwrülendigi subut edýär. Ýurdumyzyň jem kanuny bolan bu Konstitusiýa berkarar döwletiň mizemez ýörelgeleri bolan Garaşsyzlygy, hoşniýetli Bitaraplygy, milli jebisliligi we demokratiýany özünde jemlemek bilen, ýurduň, halkyň, şol sanda her bir raýatyň geljekki hemmetaraplaýyn ösüşleri şertlendirýär.
    Baş Kanunymyza laýyklykda kabul edilen Kanunlar her bir türkmenistanlynyň syýasy, ykdysady we durmuş hukuklarynyň iş ýüzünde üpjün edilmegini şertlendirýär. Şeýle hem olar, raýatlaryň azat-erkin ýaşamaga, maşgala gurmaga we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga, döwletiň işini gös-göni ýa-da saýlan wekilleriniň üsti bilen dolandyrmaga gatnaşmaga, saglygyny gorap saklamaga we dikeltmäge, durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga, bilim almaga, ylma we döredijilige bolan hukuklaryny hakykat ýüzünde amala aşyrmaga şertleri döredýär.
     Munuň özi döwrüň talabyna görä, konstitusion özgertmeleri geçirmegiň, onuň esasynda, kabul edilýän her bir Kanunyň kämilleşdirilmegiň wezipelerini şertlendirdi. Şuňa laýyklykda, soňky döwürde ýurduň hökümetiniň işjeňligi görnetin ýokarlanýar. Her babatda bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň milli kanunçylygy kämilleşdirmek ugrundaky parasatly ýolgörkezijiligi, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründäki eşretleriň kanuny binýada esaslanýandygyny we milli Liderimiziň bu ugurdaky öňegidişikleriň gazanylmagy üçin gije-gündiz aladalanýandygyny görkezýär.
    Adyl kanunlaryň döwlet berkararlygynyň synmaz kuwwaty bolup durýandygy beýik akyldarlar tarapyndan ykrar edilen hakykatdyr. Şu jähtden-de, Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň Konstitusiýasy halkyň berkarar döwlet, bagtyýar döwür, agzybirlik we milli jebislik baradaky mukaddes arzuwlaryny, watanparazlyk ýörelgelerini edebi mukaddesleşdirýän kanunlaryň jemini emele getirýär.
    Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň birinji mejlisindäki taryhy çykyşynda degişli düzümiň gaýragoýulmasyz wezipeleri barada giňişleýin durup geçdi. Şeýle hem: “Esasy Kanunymyz ösen raýat jemgyýetiniň kemala gelmegini, netijede, halkymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmelidir!” diýmek bilen, Döwlet Konstitusiýasynyň nazarlaýan esasy ugruny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiziň çykyşynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, raýat jemgyýetiniň institutlaryny kämilleşdirmek, döwlet dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmek, raýatlaryň durmuş goraglylygyny ýokarlandyrmak, adam saglygyny goramak ýaly, durmuşyň ähli taraplaryny gurşap alýan möhüm wezipeleriniň mazmuny giňden açylyp görkezdi.

Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07573 sek. ýüklenen baýt: 31010