Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanyň baýdagy
Ýazylan wagty: 16 мая 2018 Ýazan NEXTTM


Türkmenistanyň baýdagy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
˗˗ Döwlet baýdagy türkmeniň berkararlygynyň
baky
 kepilidir, her birimiz üçin mukaddes hem-de ezizdir.



      Her bir özbaşdak ýurduň baş nyşanlary – Döwlet baýdagy, döwlet tugrasy, döwlet senasy bolýar. Olar döwletiň iň ýokary mukaddeslikleri hasaplanyp, elmydama goralyp hem-de ezizlenip saklanylýar. Çünki bu nyşanlar döwletiň ýüzüniň tuwagy, milletiň aýnasydyr. Olary  içgin synlan adam şol döwlete mahsus ähli zady – onuň geçmişini, şu gününi, ertirki günlerine bolan bolan umyt-arzuwlaryny görüp bilýär. Şeýle bolansoň, parasatly pederlerimizden bize “Döwlet – baýdagyndan tanalar” diýen pähim gelip ýetipdir.
   Biz owadanlygy, ajaýyp manylara baýlygy bilen mukaddeslige öwrülen Baýdagymyzy hemişe belentde göterýäris. Baýdagyň al-asmanda pasyrdap durmagy döwletimiziň abadanlygyndan, halkymyzyň bagtyýarlygyndan nyşandyr. Ol özüniň ýaşyl ýazlarymyza çalymdaş reňki bilen her birimizi özüne çekýär, ruhumyzy galkyndyrýar. Ýaşyl reňk ýaşaýşy, asuda durmuşy, ösüşlerimizi aňladýar.
     Biziň baýdagymyzyň ýüzündäki göller ýaşyl Tugumyza gözellik bermek bilen çäklenmän, çuňňur many-mazmuna hem eýedir. Aýdyr ýyldyzlar barada aýtsak, täze dogan Aý dünýäde Türkmenistan atly özbaşdak döwletiň döränliginiň, onuň alnyna jemlenen bäş ýyldyz bolsa bäş welaýatymyzyň jebisleginden, halkymyzyň agzybirliginiň nyşanydyr. Haly göller aşagyndaky zeýtun  pudajygy bolsa biziň parahatçylyk söýüji Bitarap döwletdigimizi görkezýän nyşanydyr. Goý, biziň Döwlet baýdagymyz elmydama belentde pasyrdap dursun!
     Döwlet baýdagy ýurdumyzdaky ähli adamlaryň, ähli welaýatlaryň bir bitewi döwleti emele getirýän nyşanydyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň reňki ýaşyl. Biziň ata-babalarymyzyň hem ýaşyl reňkli baýdagy bolupdyr. Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna ýerleşdirilen Aýyň şekiliniň aýratyn manysy bar. Aý doganda adamlar ony ýüzüne sylýarlar. Täze dogan Aý garaşsyzlyk daňynyň atandygyny aňladýar.
     Döwlet baýdagyndaky ýyldyzlar bakylygy aňlatmak bilen arzuwyň, ýagtylygyň, adalatyň, uzak ýoluň nyşany bolup durýar.
    Türkmenistanyň Döwlet baýdagynda ýurdumyzyň bäş welaýatynyň aýratyn haly gölleri ýerleşdirilen. Haly gölleri bir-birine utgaşyp gidýär. Munuň özi dik dogan Aýly, parlak ýyldyzly asmanyň astynda türkmen halkynyň asuda durmuşda, agzybirlik bilen zähmet çekip ýaşaýandygyny aňladýar. Haly gölleriniň etegindäki zeýtun agajynyň pudagy Bitaraplygyň, halallygyň, päkligiň nyşanydyr.
  Hormatly Prezidentimiziň bize peşgeş beren Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe parahatçylygyň hemişelik nyşany bolan mukaddes ýaşyl Tugumyz depämizde baky parlasyn!
Okalan sany: 111   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05438 sek. ýüklenen baýt: 31672