Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Ak şäherim - Aşgabat
Ýazylan wagty: 25 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Aşgabat şäheri häzirki wagtda dünýäniň ünsüni özüne çekýär. 2013-nji ýylda 25-nji maýda gözel paýtagtymyz Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ak mermere beslenen şäherimizi dünýä ýüzi  “Aziýanyň merjeni”  diýip atlandyrylyp başlandy. Bu wakalardan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýyldan başlap, her ýylyň 25-nji maýyny Aşgabat şäheriniň güni hökmünde bellemek göz öňüne tutuldy. Mundan başga-da, dünýäde ak mermeri binagärçiliginde köp ulanan hökmünde Aşgabat şäheri ykrar edildi. Aşgabat şäherinde ýerleşýän ak mermerli birnäçe ymaratlar hem Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Olardan Bagt  köşgi, Aşgabat Telewideniýe merkezini mysal getirmek bolar. Telewideniýe merkezi 2011-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda  Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 211 metre barabar bolan bu ymarat ýurdumyzda ýerleşýän iň uzyn binadyr. Mundan başga-da gözel paýtagtymyzda gurlan “Älem” medeni dynç alyş merkezi Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. 2017-nji ýylda gurluşygy tamamlanan Olimpiýa şäherçesinde ýerleşýän Howuz hem Ginnesiň rekordlar kitabynyň sanawynda orun eýeledi.
Hormatly Prezidentimiziň beýik tagallalary netijesinde  “Aziýanyň merjenine” öwrülen gözel paýtagtymyzyň tapgyrlaýyn gurluşygy dowam etdirilýär. Paýtagtymyzyň çäginde ak mermerden bina edilen ymaratlaryň sany barha köpelýär. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi netijesinde gözel paýtagtymyzyň gününiň dabaraly bellenilip geçilmegi aýratyn bellärliklidir. Häzirki wagtda paýtagtymyzy ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Köşüdäki köp öýli we birnäçe gatly onlarça gatly ýaşaýyş jaýlarynyň, Halkara maslahat merkeziniň we kaşaň myhmanhananyň binalar toplumynyň gurluşygy paýtagtymyzy bezejek iri taslamalardyr. Şeýle taslamalaryň netijesinde gülläp ösýän gözel Aşgabadymyz  parahatçylygyň we dost-doganlygyň ýaýbaňlanýan şäheri bolup durýar.
Okalan sany: 43   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07535 sek. ýüklenen baýt: 29877