Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Bilim – bagtyýarlyk, ruhublentlik, rowaçlyk
Ýazylan wagty: 25 мая 2018 Ýazan NEXTTM
      Ýurdumyzyň ähli ugurlarda ösüşleriň röwşen ýoly bilen okgunly öňe gitmeginde bilim ulgamyna möhüm orun degişlidir. Edil ýeriň öz okunyň daşyndan aýlanyşy ýaly, dünýä, durmuş, döwletler hem jemgyýetler bilim bilen aýlanýar. Adam  ömri hem bilim bilen berk baglydyr. Hatda adamzat uzak müňýyllyklaryň dowamynda gazanan ähli üstünliklerine bilim arkaly ýetipdirler. Kyn işleri aýan etmegiň ýollary bilim bilen açylýar. Dünýäde açylmadyk syrlara ýetmegiň ýollary hem bilim bilen açylýar.
     Ine, şunuň üçin hem döwletimizde bilim ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Döwlet Baştutanymyzyň ýurt başyna gelen ilkinji gününden aýratyn üns beren meseleleriniň biri-de ýurdumyzda ýaşlara bilim  berlişiniň hilini kämilleşdirmek bolupdy. Has dogrusy Arkadag Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaşlaryň ukyplaryny we zehinlerini ýüze çykarmagy, geljekki hünärini seçip almagy, döwrebap bilime eýe bolmagy, dünýägaraýşyny yzygiderli giňeltmegi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn bilim almaga, diňe bir Türkmenistanyň okuw mekdelerinde däl, eýsem dünýäniň iň gowy ýokary okuw mekdeplerinde hem dürli hünärlere eýe bolmaga mümkinçilikleri bar.
      Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky amala aşyrylýan bilim özgertmeleri dogrusynda aýdanymyzda bolsa, 2007-2013-nji ýyllar aralygynda ilkinji tapgyr hökmünde bilim ulgamynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. 2013-nji ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz  “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. 2013-2014-nji okuw ýylyndan başlap hem Türkmenistanyň umumy orta bilim berýän mekdeplerinde okuwyň möhleti 12 ýyla uzaldyldy.
       Türkmen ýaşlary, mekdep okuwçylary hormatly Prezidentimiziň edýän aladalaryna mynasyp jogap bermäge çalyşýarlar. Her ýylda mekdep okuwçylarynyň ýüzlerçesi halkara derejesinde geçirilýän bilim bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýokary üstünlikli çykyş edip, ýurdumyzyň abraýyny belende galdyrmagy başarýarlar. Dürli halkara internet bäsleşiklerinde hem ýokary netijeleri gazanýarlar.
     2018-nji ýylyň ýanwar aýynyň 8-16-sy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde matematika, fizika we informatika dersleri boýunça 14-nji Halkara Žautykow olimpiadasy geçirildi. Bu abraýly Halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan 2 topar, jemi 14 okuwçy gatnaşyp, şolardan 6 okuwçy  Aýratyn zehinli çagalaryň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Döwlet mekdep-internatynyň okuwçylary gatnaşyp, bäsleşikde üstünlikli çykyş etdiler. Halkara bäsleşikde matematika dersi boýunça bu mekdep-internatyň 11-nji synp okuwçysy Jepbar Asgarow kümüş medala, 10-njy synp okuwçysy Kadyrberdi Atabaýew bürünç medala mynasyp boldular. Bularadan başga-da bu mekdep-internatyň okuwçylary Mendeleýew adyndaky Halkara himiýa olimpiadasynyň baýrakly orunlaryna eýe boldular, Döwlet mekdep-internatyň 11-nji  synp okuwçysy Weliýew Nurmuhammet Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde aprel aýynyň 12-15-i aralygynda geçirilen “INFORMATRIX-ASIA  2018” atly halkara taslama bäsleşigine matematika  (1 sany) dersi boýunça “Algebraik meseleleri çözmegiň käbir geometrik usullary” taslamasy bilen  hem-de informatika dersinden (2 sany) 11-nji synp okuwçylary Hanalyýew Hanaly “Onlaýn synag”, Çaryýew Gurbanmyrat  “Akylly gapy” atly taslamasy bilen altyn medalyň ýeňijileri diýlip yglan edildi.
      Bilim ýoly – bagt ýoly! Bagt ýolunda, bagtyýarlyk döwründe tutulýan toýlar gutly-mübärek bolsun! Uçurym ýaşlara ýetip gelýän döwlet synaglarynda, geljekki durmuş ýollarynda uly üstünlikleri arzuw edýäris. Ýaşlaryň alnyndan ak Gün bolup dogan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il bähbitli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun! 
Okalan sany: 38   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05204 sek. ýüklenen baýt: 32224