Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gahryman Prezidentimiziň ak ýoly: döwrebap bilim we milli terbiýe
Ýazylan wagty: 25 мая 2018 Ýazan NEXTTM
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap  Watanymyz syýasy, ykdysady, medeni taýdan örän ýokary depginler bilen günsaýyn ösýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Bu beýik ösüşleriň sakasynda bolsa Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  “Döwlet adam üçindir” diýen baş ideýalogiýasynyň esasynda parasatlylyk bilen ýöredýän içeri we daşary syýasaty ýatyr. Hormatly Prezidentimiz dünýä ýaň salýan, ýurdumyzy jenneti mekana öwürýän döwrebap reformalarynyň,  il-ýurt bähbitli başlangyçlarynyň, beýik tutumlarynyň başyny “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permanyndan we “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakynda” Kararyndan başlady. Bu özgertmelere laýyklykda ösüp gelýän ýaş nesli milli ruhda terbiýelemek, saglygyny goramak, çagalaryň we  ýaşlaryň bilim we dynç almagy üçin doly şertleri döretmek, siwilizasiýanyň häzirki zaman  düzgünlerini özleşdirmeklerini gazanmak ýaly wezipeler Hormatly Prezidentimiziň bilim syýasatynyň binýat esasy bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň: “Her bir döwletiň binýadynyň berkligi, ösüşiniň ýokary depgini, ýaşaýyş-durmuş derejesi alnyp barylýan bilim-ylym syýasaty bilen berk baglydyr” diýen dana sözleri hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär we ony dolulygyna tassyklaýar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleri döwrebap bilim we milli terbiýe bermek üçin berilýän uly ünsi, bimöçber aladany ýurdumyzyň çar künjeginde görmek bolýar. Gurulýan ähli amatlyklary bolan, döwrebap köşk ýaly çagalar baglary, orta, ýörite orta, ýokary okuw mekdepler bagtyýar nesillerimiziň hyzmatynda bolup, olaryň kämil, döwrebap bilimli we milli terbiýeli watansöýüji, ilhalar ynsanlar bolup ýetişmeklerine hyzmat edýär. Bu bilim ojaklarynda  üpjün edilen dünýäniň iň ösen döwletlerinde öndürilen  döwrebap tehnologiýalar bolsa bilim-terbiýeçilik işgärleriniň döredijilikli zähmet çekmegine ýardam edýär. Mähriban Prezidentimiziň aýratyn hem toplumlaýyn gurduran bilim şäherçeleri dünýä halklaryny haýrana goýýan, nusgalyk edilen beýik işdir. Muňa ykdysadyýet, medeniýet, nebit-gaz, sport şäherçeleri..., şeýle hem ýaňy-ýakynda gurlup ulanylmaga berlen Jemagat hojalygy instituty, her welaýatda gurlan ulanylmaga berlen saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlaryny aýdyň mysal edip bileris.         
Ähli ajaýyp şertleri döredip beren Gahryman Prezidentimiziň  bagtyýarlyk döwründe döwletimiz tarapyndan ýaş nesillere dünýä derejesinde bilim bermek, milli ruhda terbiýelemek işi ýokary derejede alnyp barylýar. Arkadag  Prezidentimiziň: “Nesillerimiziň bagtyýar ýaşamagy, olaryň hakyky watançy, ilhalar, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri meniň baş aladamdyr” diýen parasatly sözleri bu meseläniň döwlet syýasatynda näderejede möhüm ähmiýet berilýändiginiň alamatydyr. Bu parasatly sözler her bir bilim-terbiýeçilik işi bilen meşgullanýan mugallymlara, alymlara, terbiýeçilere, ene-atalara ýolgörkeziji şamçyragdyr. Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň kabul edilen kanunlaryndan, hormatly Prezidentimiziň bu ugurda  amala aşyrýan beýik özgertmelerinden görnüşi ýaly, bilim we terbiýe işi  örän derwaýys iş bolup durýar. Çünki döwletiň geljegi, dowamat-dowamlylygy ýaş nesillere bagly. Olary watansöýüji, ýokary ahlakly, ilhalar, bilimli, terbiýeli bolup ýetişdirmek iň bir zerur, mukaddes işdir. Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ýylynda her bir bilim-terbiýeçilik işgärleri bu mukaddes işi  ak ýürekden berjaý edip, eziz Watanymyzyň abraýyna abraý goşmalydyr.
Okalan sany: 52   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06317 sek. ýüklenen baýt: 31845