Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
MILLI GÖREŞIJILERIŇ OKUW-TÜRGENLEŞIK SAPAKLARYNYŇ GURLUŞY WE MAZMUNY
Ýazylan wagty: 26 мая 2018 Ýazan Mayichka
MILLI GÖREŞIJILERIŇ OKUW-TÜRGENLEŞIK SAPAKLARYNYŇ GURLUŞY WE MAZMUNY
Okuw-türgenleşik sapaklary okuw-türgenleşik prosesiniň ýeke-täk gurluşy hasaplanylýar. Taýýarlyk we jemleýji bölümleriň mazmuny esasy bölümiň gurluşyna bagly bolýar. Taýýarlyk bölümindäki ýörite beden gyzdyrmanyň soňunda ýerine ýetirilýän işiň netijeliligi ýokary derejä, ýöne aňryçäk däl, ýetip biler. Türgenleşik sapaklarynyň gurluşy üç bölümden ybaratdyr. Taýýarlyk bölümi (sapagyň tutuş wagtynyň 30-35 %-i) şulary göz öňüne tutýar: meşgullanýanlary sapagy başlamaklyga taýýarlamak, sapagyň weipelerini habar bermek, meşgullanýanlaryň ünsüni ýokarlandyrmak (nyzam maşklary, buýruklar, öndürijilikli iş üçin psihologiki garaýşy döretmek; bedeniň işbaşarjaňlygyny ýokarlandyrmak üçin umumy beden gyzdyrmalaryny amala aşyrmak (ýürek-damar, dem alyş we myşsa ulgamy) – ýöriş, ylgaw, umumyösdüriji maşklar ulanylýar; sapagyň esasy wagtynda hökmany boljak myşsa toparlarynyň işini taýýarlamak maksady bilen ýörite beden gyzdyrmalaryny amala aşyrmak. Munuň üçin ýörite maşklar ulanylýar. Esasy bölüm (sapagyň tutuş wagtynyň 60-70 %-i) sport taýýarlygynda anyk wezipeleri çözmek üçin niýetlenendir. Eger esasy bölümde dürli görnüşli birnäçe wezipeler çözülýän bolsa, onda her bir täze wezipäniň öňünden psihologiki taýdan taýýarlyga kömek edýän we bedeniň täze hereketi ele almagyny üpjün edýän gysga wagtlaýyn beden gyzdyrmasyny geçirmeklik hökmany hasaplanylýar. Jemleýji bölüm (tutuş wagtyň 5-10 %-i) bedeniň işjeňlik däbini kem-kemden peseltmäge täsir edýär. Ýüklenmeleriň kem-kemden peseldilmegi ýeňil kabul edilen maşklar arkaly amala aşyrylýar (ýeňiljek ylgaw, ýöriş, çeýeleige niýetlenen maşklar). Öý şertlerinde özbaşdak ýumuşlar hödürlenilýär. Milli göreşijileriň dürli taýýarlyk tapgyrlarynda türgenleşik sapaklarynyň netijeliligi ýokarlandyrylan umumy we işjeň hereketlilgigiň ykjamlygyny, ýüklenmeleri gerekli derejede ulanmaklygy, meşgullanýanlaryň şahsy aýratynlygynyň hasabyny üpjün edýän tygşytly guramaçylyga baglydyr.
Okalan sany: 21   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06359 sek. ýüklenen baýt: 30160