Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
4-6 ÝAŞLY ÇAGALARYŇ BEDEN TAÝÝARLYGYNYŇ DEREJESI
Ýazylan wagty: 26 мая 2018 Ýazan Mayichka
Bakjalarda we çagalar baglarynda bedenterbiýä uly ähmiýet berilýär. Şu taýda çagalaryň gün tertibi, iýmiti, giňişleýin ulanylýan arassa suw, Gün we suw bilen baglanyşykly dessurlar bedenterbiýäniň esasy bolup, bedeni berkitmegiň serişdesidir, şonuň ýaly hem bedenterbiýe maşklaryny hemişe yzygiderli ulanmaklyk uly ähmiýete eýedir. Bedenterbiýäni dogry gurnamakda esasy orny gün tertibi tutýar - ýaşaýşyň her günki gaýtalanýan tertibi çagalaryň iýmiti, ýatyp, dynç almagy we dürli hereketleri ýerine ýetirmekligidir. Gün tertibini dogry berjaý etmeklik, daşky şertleriň üýtgemegine, bedeniň nogsanlyklara garşy durmagyna bolan ukybyny üpjün edýär. Çagalar gün tertibine derrew uýgunlaşýarlar, bu olar üçin hökmany bolup durýar, olarda özüni gowy duýmaklyk, şadyýanlyk döreýär. Mekdebe çenli çagalaryň öňüsyrasyndaky we mekdebe çenli ýaşly çagalaryň gün tertibine we olaryň bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekligine uly orun berilýär. Eýýäm çaga ejesini emýän döwründe özüne laýyk maşklar toplumyny kabul edýär, enäniň ýa-da terbiýeçiniň kömegi bilen gowşak we işjeň reflektor häsiýetli maşklary (oýnawaja tarap kelläni aýlamagy, bedenini amatsyz ýagdaýdan amatly ýagdaýa geçirmegi) ýerine ýetirýär. Şular ýaly sapaklar 5-10-15 minut dowam etdilip, ol arassa, howasy çalşyrylan otagda 20-220 tempiraturada geçirilmelidir. Mekdebe çenliniň öňüsyrasyndaky ýaşly çagalar bilen ýönekeý hereketli oýunlary, depginli häsiýetli hereketleri, ýöräp bilmeýänler üçin ýörite oýnawaçly manežlerde ýöremegi öwredilýär. Ýöremegi öwretmek üçin ýörite arabajyklar, tekerli oturgyçlar we başgalar ulanylýar. Çagalar bagynda bedenterbiýe umumy terbiýäniň wajyp şahasy hökmünde estetiki terbiýe, diliň ösüp kämilleşmegi, tertipliligiň düzgünlerini öwretmeklik bilen ýakyn arabaglanyşykdadyr. Şu işler çagalar bagynyň ustawy esasynda, onuň müdiriniň, terbiýeçiniň, lukmanyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Çagalar bagyndaky çagalar toparlara bölünýärler: kiçi ýaşlylar - 3-4 ýaş, orta ýaşlylar 4-5 ýaş, uly ýaşlylar 5,5-7 ýaşlylar. Ýaş aýratynlyklaryna görä her topara laýyklykda gün tertibi kesgitlenip, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmekde onuň mazmuny we usullary üýtgemelidir. Çagalar bagynda bedenterbiýe maşklary şu aşakdaky görnüşlerde ulanylýar.
Okalan sany: 11   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06022 sek. ýüklenen baýt: 30599