Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
BEDENTERBIÝE MAŞKLARY BILEN MEŞGUL BOLMAKLYGYŇ HÖKMANYLYGY
Ýazylan wagty: 26 мая 2018 Ýazan Mayichka
BEDENTERBIÝE MAŞKLARY BILEN MEŞGUL BOLMAKLYGYŇ HÖKMANYLYGY Ýörite meýilnamanyň esasynda hepdede 1 gezek 20-25-30 minudyň dowamynda bedenterbiýe sapagyny geçirmeli. Hereketiň täze görnüşlerini öwretmekde sapagyň şu görnüşiniň bahasy uludyr. Janly, joşgunly, adaty oýun görnüşinde çagalar bilen ýöremek, ylgamak, bir görnüşli hatardan beýleki hatara geçmek, umumy beden maşklaryny geçirmeklik, haýsam bolsa hereketiň bir görnüşiniň esasyny (bökmek, dyrmaşmak, deň agramlylygyny saklamak we ş.m.) öwretmeklik amala aşyrylýar. Sapak ýeňil maşklary asuda ýagdaýda ýerine ýetirmek bilen soňlanýar. Sapagyň hemme görnüşleri esasynda geçirilýän bedenterbiýe maşklaryny terbiýeçi amala aşyrýar. Bedenterbiýe maşklary saz bilen utgaşdyrylyp hem geçirilýär. Saz bilen geçirilýän maşklarda, çagalar sazyň häsiýetini, depginini aňsatlyk bilen, çalt özleşdirýärler, beýleki tarapdan bolsa sazyň kömegi bilen maşklary takyk we joşgunly häsiýetde ýerine ýetirýärler. Mekdebe çenli ýaşly çagalar bilen geçirilýän, sapagyň islendik görnüşinde berilýän maşklary kesgitli, mazmunly, görkezme esbaplaryň üsti bilen el ýeterlikli etmeli. Sapagy mysallar getirmek bilen deňeşdirmeli, meňzetme usullaryny ulanyp, meňzetme maşklaryny bermeli. Kesgitli ýumuş bermeli, mysal üçin: halka degmezden halkadan ädimläp geçmek ýa-da kelläň üstünde kubogy goýup, ony gaçyrman ýöremek. Mekdebe çenli ýaşly çagalaryň bedenini berkitmeklik maksady bedenterbiýäniň wajyp wezipesi bolan howany, Güni we suwy ulanmakdyr. Bedeni berkitmegiň amatly serişdeleriň biri howa wannasydyr, tomsuna 1,5-2 sagat wagtyň dowamynda, gyşyna jaýyň içinde açyk penjireli 15-200 temperaturada 15-20 minut dowamlylykda. Howa wannasy işjeň hereketler we oýunlar bilen arabaglanyşykda geçirilýär. Çaganyň bedenini berkitmekde günüň hem peýdasy uludyr, ol bedene biologiki häsiýetde täsir edýär (witamin “D” öndürýär, bakteriýalary öldürýär, gan aýlanyşy gowulandyrýar). Gün wannasyny örän häzir bolmak bilen ulanylmaly, ýuwaşlyk bilen kölegede 20-den 320-a çenli temperaturada 4-5 minutdan 15 minuda çenli kiçi ýaşlylara, 30-35 minut uly ýaşlylara ulanmak bolar. Bedeni suw bilen berkitmegiň uly ähmiýeti bardyr, endamy ýumşak süptgüç ýa-da süpürgiç bilen sürtmek, 200-dan pes bolmadyk suwy üstünden akytmak dessurlary gün tertibiniň içinde geçirilýändir. Tomsuna açyk suw howdanlarda suwa düşürilýär. Hemme çagalar bakjalary we çagalar baglary ata-eneler bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar. Olar bilen söhbetdeşlikler, dürli meseleler boýunça maslahatlar geçirýärler, ata-eneler bilen, radionyň, telewideniýäniň üsti bilen uly işler geçirýärler, şeýle-de ylmy işleriň netijeleri bilen tanyşdyrylýar.
Okalan sany: 30   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05087 sek. ýüklenen baýt: 30778