Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ERKIN GÖREŞ
Ýazylan wagty: 26 мая 2018 Ýazan Mayichka
ERKIN GÖREŞIŇ TARYHY Göreş ilkidurmuş jemgyýeti döwründe ýüze çykýar. Ol adamlaryň öz garşydaşlary üçin ýeke-täk söweş serişdesi hökmünde kemala gelýär. Adam öz hususy ýeri, derýasy, köli, tutan guşy ýa-da öldüren ýyrtyjysy üçin berk garşylyk görkezmeli bolupdyr. Has soňrak oýlanyşykly tehniki hereketler emele gelýär, wagtyň geçmegi bilen ol beden terbiýesiniň serişdesi bolup hyzmat edýär, harby işde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Gul eýeçilik jemgyýeti döwründe göreş giňişleýin ösüş häsiýetine eýe bolýar. Muňa şol döwrüň köpsanly ýatlamalary şaýatlyk edýär. Mysal üçin, Beni Gasam şäherçesindäki meşhur müsür mazarçylygy (biziň eýýamymyzdan 2600 ýyl öň). Onuň diwarlarynda göreşiň dürli emelleri şekillendirilipdir. Bu emelleriň, tilsimleriň el bilen hem-de aýak bilen ýerine ýetirilýän tutluşyklardan durýanlygy barada netije çykarmaga mümkinçilik berýär. Şol döwürde görnüşine görä, tutluşyklar iki görnüşde - dik durup hem ýatyp ýerine ýetirilipdir. Tutluşygyň soňky netijesi garşydaşyň arkasyny-ýagyrnysyny ýere degrip, gysmak bilen tamamlanypdyr. Göreşiň hakyky ösüşi Gadymy Gresiýada möwç alýar. Olary güýçli, çalasyn, çydamly we erkli adamyň kemala gelmegi üçin peýdalanypdyrlar. Göreş çagalaryň, ýetginjekleriň we ulularyň beden terbiýe ulgamyna girizilipdir. Gadymy Gresiýanyň görnükli pelsepeçileriniň we şahyrlarynyň, döwlet işgärleriniň we serkerdeleriniň köpüsi öz döwründe meşhur göreşijiler bolupdyrlar – Olimpiýa ýaryşlarynyň gatnaşyjylary we ýeňijileri bolupdyrlar (Pifogor, Platon we beýlekiler). Göreş grek edebiýatynda we şekillendiriş sungatynyň eserlerinde giňden şöhlelendirilipdir. Mysal üçin, Gomeriň «Illiada» atly meşhur, ölmez-ýitmez poemasynda Aýaks we Odesseý atly gahrymanlaryň tutluşygy ajaýyp äheňde sypatlandyrylýar. Grekleriň beden terbiýe mekdeplerinde oglanlaryň hem ýetginjekleriň göreş sapaklary öwredilipdir we olar tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaryşlara taýýarlanypdyrlar. Grek göreşiniň ähmiýeti we meşhurlygy onuň ylgamakdan soň ikinji bolup Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulmagydyr (776-njy ýyldan soň). Nusgawy göreş bäş görnüşlide – pentatlonda (ylgamak, zyňmak, naýza we disk oklamak, bökmek, göreş) görnükli orny eýeläpdir we ähli ýaryşlaryň maksatnamasynyň final bölegini tutupdyr. Biziň eýýamymyzdan öňki 708-nji ýylda göreş pentatlonyň bir görnüşi hökmünde 18-nji Olimpiýadanyň maksatnamasyna girizilýär. 748-nji ýylda ol Olimpiýa toplumyna üçünji bäsleşik hökmünde girizilýär – pankration görnüşinde (göreşiň ýumrukly söweş bilen utgaşdyrylmagy). Grek göreşi ilkibaşlarda güýç ulanyş häsiýete eýe bolupdyr, tutluşyklar juda uzaga çekilipdir. Olarda aýaklaryň hereketlerine-de rugsat berlipdir. Grek göreşiniň tehnikasy gaty çalt ösüpdir. Şol bir wagtyň özünde göreşiň düzgünleri-de üýtgäpdir – olar kesgitli anyklama we dogry, dürs kesgitlemelere eýe bolupdyr. Göreşde aýagyň kömeginden peýdalanmak gadagan edilipdir, tutluşyklar diňe bilden ýokarda rugsat berlipdir. Grek göreşinde «Garşydaşyny üç gezek ýere zyňan göreşiji ýeňiji» diýlen düzgünnama hereket edipdir. Mundan başga-da garşydaşyň arkasyny-ýagyrnysyny ýere gysyp ýa-da ony öz aşagynda belli bir kesgitlenen wagtda saklamak arkaly ýatyp göreşilip, ýeňiş gazanylýan görnüş-de bolupdyr. Tutluşygyň öň ýanynda göreşijiler tenine ösümlik ýagyny çalypdyrlar, soňra ownujak çäge sepipdirler. Şeýle hem göreş ýag çalnandan soň, çäge sepilmänem alnyp barlypdyr. Gadymy Gresiýanyň tutluşyklaryna ähli halk uly söýgi bilen tomaşa edipdir. Aýry-aýry ýaryş görnüşleri boýunça (ylgamak, bökmek, göreş, ýumrukly söweş) kärine ussatlar peýda bolupdyr. Göreş diýseň meşhur tomaşa öwrülipdir we onda ussatlyk göze has görnüwli bolupdyr. Ussat göreşijileri ýöriteleşdirilen mekdeplerde taýýarlapdyrlar. Rim Gresiýany eýelemek bilen grek medeniýetini kabul edýär. Rimliler göreşi iň bir meşhur sirk tomaşalarynyň birine öwürýär. Söweşde, tutluşykda ýeňen göreşiji köpçüligiň söýgüsini gazanypdyr. Şeýle hem göreş ýumruklaşmak görnüşinde-de, hat-da ýaragly söweşler görnüşinde-de görkezilipdir (gladiatoryň söweşleri). Rimde gladiatoryň ilkinji söweşleri biziň eýýamymyzdan öňki 284-nji ýylda geçirilýär. Biziň eýýamymyzyň 379-njy ýylynda gladiatorlaryň ähli döwlet mekdepleri ýapylýar, 394-nji ýylda bolsa Olimpiýa oýunlary-da gadagan edilýär. Şol döwürde ýaşlaryň ähli terbiýesi dini ruhanylaryň eline geçýär. Ýöne ýaşlar maşklaryň dürli görnüşleri bilen gyzyklanýardylar, olaryň arasynda bolsa göreş olaryň iň bir söýgüli gyzyklanmasyna öwrülýär. Ýaryşlar şäher meýdançalarynda geçirilýär we oňa ummasyz köp tomaşaçy ýygnanýar. ХVIII asyryň ahyrlarynda we ХIХ asyryň başlarynda Ýewropada häzirki zaman grek-rim göreşi – nusgawy göreş kemala gelip başlaýar. Onuň esasy düzgünnamasy göreş bilen giňden meşgullanan oba hem-de şäher ilaty bolan Fransiýada döreýär. Bu güýçli we erkli sport görnüşine halkyň söýgüsiniň siňmegi arkaly, pälwanlar göreşi öz hususy gyzyklanmalaryna öwürýärler we olar gezelençli sirklerde we tomusky seýilgählerde çykyş edýärler. Ilki bilen pälwanlar öz güýjüni synap görmek isleýän tomaşaçylary ýanlaryna çagyrýarlar, soňra öz-özleri tutluşyp, tomaşaçylara hezil berýärler. Şeýle çykyşlaryň üstünlikleri şäherlerde we obalarda ýörite toparlaryň döremekligine getiripdir. Has soňrak ussat göreşijileriň çempionatlary geçirilipdir we Fransiýanyň şäherleriniň birinjiligi guralypdyr, has soňrak dünýäniň birinjiligi-de geçirilipdir. Çempionatlary gowy guramaklyk ussat göreşijileri mahabatlandyrmak işinde üstünlik getiripdir. 1849-nji ýylda Parižde ussat göreşijileriň çykyş eden ilkinji atletiki arenasy açylýar. Tizara nemesler, italýanlar, türkler, ruslar we beýleki daşary ýurtly göreşijiler Fransiýanyň çempionatyna gatnaşmak üçin gelip başlaýarlar. Şonuň yzysüre olar öz ýurdunda şeýle ýaryşlary gurap başlaýarlar we oňa fransuz göreşijilerini çagyryp başlaýarlar. Netijede, fransuz göreşi halkara derejesine eýe bolýar. Düzgünnama boýunça basyp almak, eýelemek, saklamak we diňe el bilen edilýän emeller (aýaklar hasap edilmeýär) rugsat berlipdir. Tutluşyk maksady bilen garşydaşyň ýagyrnysy halyça deger ýaly edilip, arkanlaýyn zyňypdyrlar (höwesekler göreşinde) ýa-da şeýle ýagdaýda birnäçe wagt-sekunt saklapdyrlar (ussatlaryň göreşinde). Fransuzlar göreşi parterde geçirmek bilen «köprüler» ulanyp başlapdyrlar we ony diňe bir goranyş serişdeleri hökmünde ulanman, eýsem zyňyş mahalyndaky hüjüm hökmünde-de peýdalanypdyrlar. Şeýle zyňyşlary «suples» diýip atlandyrypdyrlar. Fransuz göreşiniň Ýewropa döwletlerinde köpçülikleýin sport görnüşine öwrülendigi sebäpli onuň tehnikasy we taktikasy belli emelleriň has kämilleşmegi hem-de täze tilsimleriň ýüze çykmagy arkaly has-da baýlaşýar. Bu babatda fin göreşijileri uly orun eýeleýärler. Olaryň kömegi bilen iňňän netijeli emeller bolan garşydaşlaryň elinden tutup açary ulanmak, parterden baş alyp çykmak, şeýle hem aýlawda eglip zyňmak, pyrlamak ýaly emeller kemala gelýär. Has soňrak fransuz göreşiniň esasynda, göreşiň ikinji bir görnüşi – erkin usuldaky göreşde ele almak, eýelemek we aýaklaryň hereketini doly ýerine ýetirmek, ýagny häzirki zaman erkin göreşiniň düzgünleriniň esasynda bar bolan emelli göreş halkara arenasynda peýda boldy. 1896-njy ýylda fransuz göreşi häzirki zaman Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşulýar. Halkara Olimpiýa komiteti (1894-nji ýylda döredilýär) bu göreşe halkara häsiýetini bermek maksady bilen, oňa grek-rim göreşi diýen resmi ady berýär. Grek-rim göreşi iki gezekden başga wagt (1900 we 1904-nji ýyllar) Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna üýtgewsiz girizilýär, 1921-nji ýyldan başlap yzygiderli dünýä çempionatlary geçirilýär, 1924-nji ýyldan başlap Ýewropa çempionatlary geçirilýär. Erkin göreş Olimpiýa oýunlaryna ilkinji gezek 1904-nji ýylda goşulýar. 1929-njy ýyldan başlap Ýewropa çempionatlary geçirilýär. 1950-nji ýyldan başlap Halkara göreş federasiýasynyň kongresiniň karary bilen erkin göreşden dünýä çempionatlary geçirilip başlanýar. 1956-njy ýyldan grek-rim we erkin göreşleri boýunça dünýäniň kuboklary geçirilip başlanýar. 1968-nji ýylda bu göreşler boýunça 15-18 ýaşlylar üçin dünýäniň birinjilikleri geçirilip başlanýar. Grek-rim we erkin göreşleri boýunça halkara sport hereketlerine 1912-nji ýylda döredilen Halkara göreşini söýüjiler federasiýasy -- FILA ýolbaşçylyk edýär. Häzirki wagtda bu gurama 100-e golaý milli guramalar agza bolup gatnaşýar. 1966-njy ýylda FILA öz düzümine sambo göreşini goşmak barada karary kabul edýär we bu ugurdan hem dünýäniň birinjiligini geçirip başlaýar.
Okalan sany: 87   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06249 sek. ýüklenen baýt: 37221