Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Etikanyň we estetikanyň dürli-dürlüligi
Ýazylan wagty: 27 мая 2018 Ýazan Mayichka
Etikanyň we estetikanyň dürli-dürlüligi. Sportuň etiki we estetiki dünýäsi edil beýleki etiki we estetiki hadysalar ýaly çylşyrymlydyr we dürli-dürlüdir. Ilkinji nobatda ol özüne sporta degişli bolan aýratynlyklary, görnüşlerini, möhüm sypatlaryny esas edip alýar. Şu zatlaryň ählisinde sportuň etikasyny hem-de estetikasyny öwrenýän hökmünde birnäçe topara bölüp bolýar.
Birinjisi – bu sportuň etiki we estetiki mazmuny bolup, ol geljekde şol nukdaýnazardan etiki we estetiki gymmatlyklar hökmünde çykyş edýär.
Ikinjisi – sport bilen baglanyşykly etiki we estetiki duýgulary, tagamlary, islegleri, taglymatlary, garaýyşlary we nazaryýetleri arkaly etiki we estetiki aňy düzýär.
Üçünjisi – adamyň sportdaky etiki we estetiki hereketleri. Şeýlelikde, sportuň etikasy we estetikasy – bu sportuň etiki we estetiki gymmatlyklaryny we many-mazmunyny öwrenýän ylymdyr. Ol etiki we estetiki nukdaýnazardan sporty şöhlelendirýän aňyýet kanunydyr, adamyň sport pudagyndaky etiki we estetiki hereketleriniň görnüşidir.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05342 sek. ýüklenen baýt: 28861