Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ELIŇI BER, SAGLYGYŇ BARADA HABAR BEREÝIN...
Ýazylan wagty: 27 мая 2018 Ýazan Mayichka
ELIŇI BER, SAGLYGYŇ BARADA HABAR BEREÝIN... Elleriň ýagdaýyndan, temperaturasyndan, derisiniň görnüşinden çen tutup, haýsydyr bir keseliň döräp başlandygyny güman edip bolýar. Keseliňizi irki döwründe ýüze çykarmak isleseňiz, elleriňizi ünsli synlaň. Aýalar. Aýalaryň gaty gyzarmagy bagryň toksiki zäherlenmesindan habar berýär. Barladyp görüň, belki sizde gepatit ýa-da gepatoz bardyr. Aýalardaky mermer şekiller wegetatiw nerw ulgamynda näsazlyklaryň bardygyny aňladýar. Sarymtyl öwüşgin bagyrdaky ýa-da öt haltasyndaky üýtgemeleri (gepatit, holelitiaz, holesistit, holangit we öt çykaryjy ýollaryň beýleki keselleri) görkezýär. Penjäniň arka tarapyndaky goňur tegmiller mydama adam garranda pigmentleriň (dokumalara reňk beriji maddalar) boýamak ukybynyň bozulmagy bilen baglanyşykly bolup durmaýar. Bu alamat öt haltasynda näsazlyklar ýüze çykanda hem peýda bolýar. Aýalaryň sowuk bolmagy __ periferiki ganaýlanyşyň bozulmagynyň alamaty. Galyberse-de, bedende nikotin ýetmezçilik edýär. Bu mikroelemente baý azyk önümlerini iýip-içiň. Nikotin süýt önümlerinde, etde, balykda, kömelekde, greçkada, noýbada, kelemde köp. Aýalaryň gyzgyn bolmagy bagryň derman,alkogol ýa-da himiki maddalar bilen dowamly zäherlenme zerarly gowşandygyny aňladýar. Lukmanlar gyzgyn aýalara “bagyr aýalary” diýýärler. Nemli aýalar endokrin bozulmalary, megerem, galkan şekilli mäziň işiniň çendenaşa aktiwleşendigini aňladýar.
BARMAKLAR
Külembikeleriň häli-şindi guruşmagy ýürek-damar ulgamyndaky näsazlyklar bilen baglanyşykly. Hökman kardiologa ýüz tutmaly. Başam barmaklaryň guruşmagy ___ dem alyş ulgamynyň gowşamagynyň alamaty. Barmaklaryň ahyrky süňklerini örtýän deridäki uzaboýuna ýerleşen çuň, ýygyrtlara meňzeş epinler endokrin ulgamyna ünsüňi çekýär. Megerem, sizde gipotireoz (galkan şekili mäziň işjeňliginiň peselmegi) ýa-da süýjüli diabet ýaýbaňlanyp başlandyr. Barmaklaryňyzyň ujy gyrmyzy reňke boýalan ýaly boldumy? Onda iýmit siňdiriş agzalarynyň barlaglaryny geçirmegiň wagty gelipdir. Başam barmaklaryň başlanýan ýerindäki tegmiller jyns agzalarynyň kadaly ýagdaýda däldigini habar berýär. Sag eliň süýem barmagynyň gapdal taraplarynda ýüze çykýan gijilewük __ ýogyn içegäniň näsazlyklarynyň alamaty. Asüýem barmagyň arka tarapynda deriniň büdür-südür bolmagy köplenç öt haltasyndaky näsazlyklardan habar berýär. Dyrnaklar Dyrnaklaryň gyzarmagy bagra we böwreklere üns bermelidigini duýdurýar. Dyrnaklaryň mawy reňke geçmegi kislorodyň gytlygy zerarly ýüze çykýan ýürek ýa-da öýken ýetmezçiliginiň alamatlarynyň biridir. Bu alamat köplenç demgysma we gowşaklyk bilen utgaşýar. Dyrnaklarda kese ýerleşen zolaklar ___ dyrnak plastinkasynyň ösüşiniň wagtlaýyn saklanmagynyň alamaty. Şeýle ýagdaý islendik keseliň, meselem, gripiň agyr görnüşinde duş gelip bilýär. Emosional stres ýa-da dermanlaryň gapdallaýyn ýaramsyz täsiri zerarly hem dyrnagyň ösmeginiň wagtlaýyn saklanmagy ähtimal. Ak nokatlar, menejikler köplenç witaminler ýetmezçilik edende ýa-da dyrnaga şikes ýetende döreýär.
Okalan sany: 24   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09372 sek. ýüklenen baýt: 31371