Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Çydamlylyk
Ýazylan wagty: 27 мая 2018 Ýazan Mayichka
Çydamlylyk şahsyýetiň erkli häsiýeti bolup, ol maksada ýetmäge päsgel berýän psihiki we fiziki hadysalara garşy durup, olary saklap bilmek ukybynda ýüze çykýar. Tertipsiz çaga sesini gataltman, onuň özüni nädogry alyp barýandygyny öwran-öwran düşündirýän mugallym çydamlylyk görkezýär. Göwnüňe degen ýoldaşynyň sözlerine asuda ýazgaryjylyk bilen ýa-da şorta söz bilen jogap berýän adamyň özüni alyp barşy hem çydamlylygyň nusgasydyr. Adamyň ýokary nerw işiniň dört görnüşine dört temperament laýyk gelýär. Nerw işiniň tipi – görnüşi dogabitdi bolup, onuň üýtgeýjilik mümkinçiligi doly anyklanan däldir. Eýsem temperament näme? Bu – adamyň özüni alyp barşynyň ösüşiniň dinamikasyny häsiýetlendirip, ol nerw işiniň aýratynlyklaryna daýanýar.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,11622 sek. ýüklenen baýt: 28802