Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SPORT ÝARYŞLARYNDA ÇYLŞYRYMLY ÝAGDAÝLARYŇ DÖREÝŞI
Ýazylan wagty: 27 мая 2018 Ýazan Mayichka
SPORT ÝARYŞLARYNDA ÇYLŞYRYMLY ÝAGDAÝLARYŇ DÖREÝŞI Türgenleriň oýun döwründäki ýagdaýlary olaryň özüne bagly bolmadyk birnäçe aýratynlyklar zerarly çylşyrymly pursatlaryň ýüze çykmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, bu ýagdaýlary birnäçe toparlara bölmek bolýar: - türgeniň beden taýýarlygy bilen baglanyşykly döreýän kynçylyklar (ol şahsy kynyçylyklara degişli); - sportçynyň tehniki emelleri ulanmagy bilen baglanyşykly kynçylyklar (şahsy kynçylyk hasaplanylýar); - tehniki emelleriň ulanylýan pursatynda ýüze çykýan kynçylyklar (psihologik taýýarlyga degişli); - geçirilýän oýunlaryň we bäsleşikleriň umumy ýagdaýlary hem-de onuň şertleri bilen baglanyşykly ýüze çykýan kynçylyklar (psihologik taýýarlyga degişli). Mälim bolşy ýaly, her bir bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşýan türgen ägirt uly möçberdäki güýji sarp edýär. Mysal üçin, ýörite hasaplamalara görä, her bir futbolçynyň bäsleşigiň dowamynda ylgaýan aralygynyň umumy möçberi ortaça 8-14 kilometre barabardyr. Şu döwürde oýunçy pökgüli halatynda örän çylşyrymly tehniki emelleri ýerine ýetirýär. Bu bolsa sportçudan ägirt uly güýji sarp etmek bilen, hüşgärligi, eserdeňligi, çalasynlygy başdan geçirýär. Şunuň ýaly ýagdaýlar sport žurnalistiniň hemişe üns merkezinde durýar. Şeýlelikde, oýunçylar we olaryň tälimçileri bilen bolup geçýän çylşyrymly ýagdaýlar sport žurnalistiniň aňyna ýaramaz täsir etmeli däldir. Şeýle-de bu babatda sport žurnalistikasynyň psihiologiýasynyň kadalary we düzgünleri žurnalistiň pikirini bir ýere jemlemegine ýaramaz täsiri bolmaly däldir. Şu nukdaýnazardan sport žurnalisti hemişe sowukganly we özüniň maksadaokgunly häsiýeti bilen tapawutlanmalydyr. Iň esasysy bolsa sport žurnalistiniň dürli derejedäki ýaryş mahalynda öz argynlygyny ýeňip geçýän häsiýetleri özünde jemlemelidir. Munuň özi taýýarlanylýan materialyň ygtybarlylygyny we anyklygyny üpjün edýän esasy şertdir. Sport dünýäsinde gazanylýan üstünlikler, ýeňişler belent ruhubelentligiň, sagdynlygyň, maksadaokgunlylygyň netijesidir. Her bir ynsan öz öňünde goýlan maksada ýetmek üçin yhlas etse, ruhuny belent tutsa, onuň öz öňünde goýan menziline ýetjekdigini durmuş tejribesi äşgär etdi. Sport žurnalistikasynyň psihiologiýasy her bir adamyň aňynyň we bedeniniň sazlaşykly hereketini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri çözmegi ugur edinýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sportuň dürli ugurlary, onuň hereketleriniň sazlaşygy aýratyn ähmiýetli ýagdaý bolmak bilen, ol özbaşdak tema hökmünde öwrenilýär. Ýurtda köpçülikleýin sportuň we sagaldyş hereketiniň ösdürilmegi adam aňynyň kämilleşmegini, bedeniniň berkemegini, ruhunyň göterilmegini şertlendirýär. Ony içgin öwrenýän sport žurnalistikasy bolsa birnäçe bölümlere bölünýär. Bu ugruň psihiologiýasy bolsa sport giňişliginde derwaýys ýörelge hökmünde öňe çykýar. Beýik ýeňişleri gazanmak, uly derejelere ýetmek her bir türgeniň baş maksady bolup durýar. Olar muňa çagalyk döwründen başlap uýgunlaşyp, bedenlerini taýýarlap, belent maksat tutup başlaýarlar. Çünki sport äleminde beýik ýeňiş gazanmak her bir türgeniň hereket işjeňligine, maksadaokgunlygyna hem-de belent ruhuna bagly bolup durýar. Sport žurnalistleri bolsa türgenleriň taýýarlygyny, olaryň oýunlaryny we gazanýan ýeňişlerini gyzgyny bilen halka ýetirmeli.
Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05815 sek. ýüklenen baýt: 31757