Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
DÖWÜRLEÝIN NEŞIRDE IŞI GURAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY BOÝUNÇA BÖLÜNILIŞI
Ýazylan wagty: 28 мая 2018 Ýazan Mayichka
IŞIŇ PUDAKLAÝYN AÝRATYNLYKLARY, DÖWÜRLEÝIN NEŞIRDE IŞI GURAMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY BOÝUNÇA BÖLÜNILIŞI Islendik düzümde bolşy ýaly, gazetleriň, žurnallaryň, radionyň we telewideniýäniň redaksiýalarynda alnyp barylýan işleriň ugurlara bölünmegi, žurnalistleriň dürli ugurlar boýunça ýöriteleşlmegi maksadalaýyk ýagdaý bolup durýar. Munuň özi işiň döwürleýin maksatnamasyny işläp taýýarlamakda örän ähmiýetlidir. Ýokarda bellenilip geçilişi ýaly, her bir redaksiýada, her bir bölümde alnyp barylýan işleriň pudaklaýyn aýratynlyklary göz öňünde tutulandyr. Munuň özi žurnalistiň belli bir pudak boýunça ýöriteleşmegini we şol ugur bilen baglanyşykly ähli maglumatlardan habarly bolmagyny şertlendirýär. Bu bolsa öz gezeginde işiň netijeli bolmagynyň, çap edilýän materiallaryň söýlüp okalmagynyň baş şertidir. Mysal üçin, sport ulgamy boýunça işleýän žurnalistler ýurduň sport äleminde gazanýan üstünlikleri, onda bar bolan täzelikler we beýleki ugurlar bilen ýakyndan tanyş bolmagy sport bilen baglanyşykly materiallaryň has ynandyryjy we özüne çekiji bolmagyny üpjün edýär. Hut şonuň üçinem her bir ugruň özüniň pudaklaýyn aýratynlygynyň bolmagyny žurnalistika ulgamynyň möhüm şertidir. Žurnalistleriň pudaklaýyn ugurlar boýunça ýöriteleşmeginiň ähmiýeti barada aýdylanda, bu usulyň makalanyň çeperçilik we mazmun taýdan ýokary bolýandygyny bellemeli. Şeýlelikde, žurnalistleriň öz işleýän ugry boýunça tejribelerini ýokarlandyrmakda başga-da, olaryň bellenilen ugra has çuňňur aralaşmaklaryna giň mümkinçilikleri döredýär. Umuman, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähli düzümlerinde bu usul özüniň oňyn netije berýändigini, onda işleýän žurnalistleriň oňyn tejribe toplaýandygyny daşýany bilen subut etdi. Döwürleýin neşirlerde ýaş aýratynlyklaryň nazarda tutulmagy möhüm mesele bolup durýar. Çünki, neşiriň çagalar, ýaşlar we uly adamlar üçin ýörite sahypalaryň döredilmegi gazetiň ähmiýetini ýokarlandyrýar we onuň okyjylarynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Ýörite sahypalarda çagalaryň döredijiliklerine giň orun berilýär. Olaryň çeken suratlary, düzen goşgulary ýerleşdirilýär. Ýaşlar we uly adamlar babatda hem şeýle. Hususan-da, döwürleýin neşirlerde taýýarlanylýan ýörite sahypalar özleriniň degişli okyjylaryny tapýarlar we okyjylar bilen neşirleriň ýygjam aragatnaşygyny ýola goýýarlar. Degişli sahypalarda makalasyny ýerleşdirýän awtorlar ýa-da şu sahypalar üçin makala iberýän okyjylar sahypanyň ähmiýetli tarapynyň bardygyny belleýärler. Şeýle sahypalaryň ýörite maksatnama laýyklykda taýýarlanmagy we olaryň döwürleýin neşirlerde yzygiderli berilmegi gazetiň okyjysynyň sanynyň artmagyny şertlendirýär. Şol bir wagtyň özünde hem ýörite sahypalar gazetiň bezeg babatdaky artykmaçlygyny üpjün edýär. Bu zatlaryň üstesine-de ýörite sahypalara isleg bildirýän we olar bilen gyzyklanýan okyjylaryň sanynyň köpdügini nazara alanyňda, ýörite sahypalaryň ähmiýetiniň ýokarydygyna göz ýetirmek kyn däl. Bu işde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň önümçiligi guramak, zähmet dolanyşygyny ýola goýmak babatda dürmüşa geçirýän strategiýasy nusgalyk görelde bolup hyzmat edýär. Bilşimiz ýaly, milli Liderimiz her bir işiň netijeli bolmagy ugrunda oňa toplumlaýyn we ylmy esasda çemeleşmegiň oňyn täsiriniň bardygyny belleýär. Milli ykdysadyýteimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly. köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän başlangyçlaryndan, döwlet strategiýasyndan ugur alnanda onuň anyk netijelere beslenýändigini tejribe görkezdi.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05413 sek. ýüklenen baýt: 32074