Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Awtokross ýaryşy
Ýazylan wagty: 28 мая 2018 Ýazan Mayichka
Awtokross ýaryşy Öňki SSSR-de meşhurlyk gazanýar, sebäbi oňa ýeterlik derejede modifisirlenen ýol awtomobilleri gatnaşdyrylypdyr, bu bolsa onuň göze gelimliligine täsir edipdir: tomaşaçylara trassanyň uly bölegini görmek mümkin bolupdyr; sürüjiler wagt üçin däl-de, hökmany suratda biri-biriniň yzyndan bäsleşipdirler; awtomobilleriň biri-birleri bilen kakyşmasy ýygy-ýygydan bolup geçipdir; örtügiň üstüniň nätekizligi, çukurlar, tramplinler, aşak inmeler we ýokary dyrmaşmalar onuň gyzyklylygyny artdyrypdyr. Häzirki wagtda Russiýada UAZ kysymly abzallaşdyrylan awtomobillerde awtokross boýunça ýaryşlar geçirilýär. Onuň jemleýji tapgyry, däp bolşuna görä, oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde Ulýanowsk şäheriniň golaýynda ýerleşen Arskoýe obasyndaky ýörite trassada geçirilýär. Tolýatti şäherinde maşyn gurluşykçylaryň güni mynasybetli her ýyl awtokros boýunça “Kümüş ruh” atly ýaryş geçirilýär. Awtokrossy adaty awtomobillerde we baggilerde – bir adamlyk daşynda tekerli ramalary bolan awtomobillerde geçirýärler – ol şeýle ýaryşlar üçin ýörite edilýär. Bellik: Dürli ýurtlarda autocross adalgasy dürli ýaryş derslerini aňladýar. Mysal üçin, ABŞ-da autocross ýa-da solo sözüne awtoslaloma meňzeş sport görnüşi diýlip düşünilýär – trassada tekiz asfalt meýdançadaky konusa meňzeş görnüşdäki ýekelew sürüşler.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05907 sek. ýüklenen baýt: 29455