Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hokkeý meýdança
Ýazylan wagty: 28 мая 2018 Ýazan Mayichka
Hokkeý meýdança
Şaýbaly oýnalýan hokkeý oýnunyň düzgünnamasynda mahabat (reklama) ýazgylary buza, gorag erňeklere, aýnalara, torlara, derwezelere ýa-da oýunçylar we jerime alan oýunçylar üçin niýetlenen ýerlerde, derwezeleriň yzynda oturýan eminleriň, meýdançadaky eminleriň toparynyň ýerleşýän ýerlerinde yazmak rusgat berilmeýär. Meýdançanyň kesgitlemesi Şaýbaly oýnalýan hokkeý boýunça ýaryş “Hokkeý meýdançasy” diýip atlandyrylýan ak buz örtükli meýdançada geçirilýär.
Meýdançanyň ölçegleri Hokkeý meýdançanyň iň uly (maksimal) ölçegleri: 61 m uzunlygyna we 30 m ini bolmaly, iň kiçi (minimal) ölçegleri: 56 m uzunlygyna we 26 m ini bolmaly. Meýdançanyň burçlary 7 metrden 8,5 metre çenli radiusly aýlaw gornüşli bolmalydyr. Bellik: Halkara Hokkeý Federasiýasynyň geçirýän ýaryşlary 60-61 m uzynlygy we 29-30 m ini bolan meýdançada geçirilmelidir. Meýdançany çäklendirýän “Gorag erňekleri” Hokkeý meýdançasy daş töweregi “Gorag erňekler” diýip atlandyrylýan agaç ýa-da plastikden ýasalan ak reňki çäklendiriji bilen ýapylan bolmaly. Onuň beýikligi buz örtüginden 1,17 m pes we 1,22 m beýik bolmaly däldir. Gorag erňekleri tekiz bolup, oýunçylaryň beden şikeslerini almaz ýaly talaba gabat gelmelidir. Onuň berkidiji enjamlary oýun üçin örtügiň garşylykly tarapynda bolmagy hökmandyr. Gorag erňeklerini biri biri belen aralygy 3 mm geçmeli däldir. Yza gaýtaryjy Gorag erňekleriniň esasynda 15-20 sm sary reňkli yza gaýtaryjy oturdylýar.
Girelgeler Meýdançanyň buzly örtügine çykmak üçin niýetlenen ähli çykalgalar meýdançadan daşyna açylmalydyr. Çykalganyň gawsasy bilen gorag erňekleriniň arasyndaky galýan açyk ýer 8 mm çenli bolmalydyr. Gorag aýnalary Gorag germawlaryň maňlaý tarapynda ýörite gorag aýnalary oturdylýar. Onuň beýikligi 160 sm-den 200 sm-re çenli bolup, derweze çyzygyndan merkezi çyzyga tarap gapdal germawdan 4 m çenli dowam etmelidir. Meýdançanyň galan ýerlerinde komandalaryň oýunçylaryna niýetlenen ýerden galan ýerde, 80 sm-den 120 sm-re çenli gorag aýnalary oturdylýar. Gorag aýnalarynyň arasyndaky galýan açyk ýer 8 mm çenli bolmalydyr.
Okalan sany: 19   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06086 sek. ýüklenen baýt: 30041