Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
"Sport" teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma bermek üçin daşary ýurt kompaniýasy bilen şertnama baglaşylýar
Ýazylan wagty: 28 мая 2018 Ýazan NEXTTM

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 25-nji maýda geçirilen Hökümet
mejlisinde döwlet Baştutanyna habar berdi. Şol mejlisde wise-premýer
döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna “Sport”
teleýaýlymynda halkara sport ýaryşlaryny ýaýlyma goýbermek barada daşary
ýurt kompaniýasy bilen şertnama baglaşmak hem-de çykdajylary tölemek
hakyndaky çözgüdiň taslamasyny hödürledi.



"Sport" teleýaýlymy häzirki wagtda hem "Setanta" ýaýlymy bilen
baglaşylan şertnamanyň esasynda halkara sport ýaryşlarynyň birnäçesini
göni ýaýlymda görkezýär. Milli sport ýaýlymymyz häzir Futbol boýunça
dünýä çempionatynyň duşuşyklaryny göni ýaýlymda görkezmek boýunça hem
gepleşikleri geçirýär.


Çeşme: turkmenportal.com


Okalan sany: 34   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05660 sek. ýüklenen baýt: 29372