Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Türkmenistanda 6-njy iýunda galla oragyna girişiler
Ýazylan wagty: 28 мая 2018 Ýazan NEXTTM

Türkmenistanda şu ýylyň 6-njy iýunyndan galla oragyna
girişiler. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen
göni aragatnaşyk arkaly mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow bu barada: "Möhüm möwsüm bolan galla oragy ýakynlaşyp
gelýär. Gallaçylaryň öňünde durýan indiki wezipe — köp zähmet
siňdirilip, yhlas bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny çalt we ýitgisiz
ýygnap almakdan ybaratdyr" diýmek bilen, Ahal, Mary, Lebap
welaýatlarynda 6-njy iýundan, Daşoguz we Balkan welaýatlarynda bolsa
13-nji iýundan galla oragyna başlamaga ak pata berýändigini mälim etdi.



Şu ýyl ýurtda 1 million tonnadan gowra galla hasyly ýygnamak
meýilleşdirilýär. Ýurduň galla kabul ediş harmanlary täze möwsüme doly
taýýar edildi.


Çeşme: turkmenportal.com


Okalan sany: 12   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06064 sek. ýüklenen baýt: 29449