Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
TOPY OÝNA GIRIZMEK
Ýazylan wagty: 29 мая 2018 Ýazan Mayichka
TOPY OÝNA GIRIZMEK Her bir oýun ýa-da duşuşyk topy oýna girizmeklik bilen başlanýar. Topy oýuna girizmek üçin iki gezek mümkinçilik berilýär. Topy oýna girizýän oýunçy garşydaşynyň ýarym meýdançasyndaky ýörite topuň oýna girizilýän dörtburçlugynyň içine topy düşürmelidir, dörtburçlugy çäklendirýän çyzyklara top degse, top oýna girizildi hasaplanýar, eger-de top tora degip, dörtburçlugy çäklendirýän çyzyklara degse, oýunça topy oýna girizilýän urgynyň birinji we ikinji berilýän mümkinçiliklerini täzeden gaýtalamak hukugy berilýär. Eger-de top oýna girizilende tora degip, dörtburçlugyň içine ýa-da çyzygyna degmese (düşmese), oýunçy topy oýna girizmek mümkinçiliginiň birinji gezegini ýitirýär, eger-de ýaňky hadysa ikinji gezek hem gaýtalansa, topy oýna girizýän oýunçy utulyş sanyny gazanýar. Topuň oýna girizilmegi bilen oýnuň dowamynda topy bir gezek ýere (tennis meýdançasynyň düşegine) degrip, bir oýunçydan beýleki oýunça geçirilýär, iki gezek ýere (tennis düşegine) degen top ýalňyş hasaplanýar. Oýunçynyň esasy wezipesi - tennis meýdançasyny çäklendirýän yzky (meýdançany uzynlygyna ikä bolyän) çyzygyň daşynda durup, tennis torundan topy garşydaşyň ýarym meýdançasyna dürli urgulary ýerine ýetirip, garşydaşyna topy yzyna gaýtarmaga kynçylyk döretmek bolup durýar. Birinji urgy elmydama merkezi çyzygyň sag tarapyndan geçirilýär, her utukdan soňra bolsa topy oýna giriziji oýunçy merkezi çyzygyň beýleki tarapyna geçip, topy täzeden oýna girizmelidir. Top oýna girizilende tennis kortuny çäklendirýän yzky çyzygy aýagyň bilen basmak ýa-da öňe ädimlemek gadagandyr. Topy oýna girizýän oýunça top oýna girizilýänçe tennis meýdançasynyň içine girmek onuň üçin gadagandyr, şeýle halatlar dörän ýagdaýynda, oýunça birinji, ikinji gezek duýduryş, üçünji gezek utulyş sany ýazylýar.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05319 sek. ýüklenen baýt: 29667