Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
FUTBOLÇYLARYŇ TÜRGENLEŞIGI
Ýazylan wagty: 29 мая 2018 Ýazan Mayichka
FUTBOLÇYLARYŇ TÜRGENLEŞIGI Futbolçylaryň sport türgenleşigi – terbiýäniň we öwretmekligiň maksada gönükdirilen çylşyrymly we uzak wagtlaýyn prosesidir. Onuň esasy maksady – ýörite serişdeleri we mümkinçilikleri ulanmaklyk bilen her bir oýunçynyň şahsyýetiniň garmoniki ösüşiniň esasynda aňryçäk taýýarlygyny gazanmakdyr. Futbolçylaryň sport türgenleşiginiň esasy wezipesi – oýunçylarda doly çäkde futbol endiklerini özleşdirmeklige mümkinçilik berýän beden we psihiki sypatlaryny we başarnyklaryny ösdürmeklikdir. Bularyň hemmesi – ýokary sport derejesiniň we netijeli oýnuň esaslarydyr. Sport türgenleşiginiň umumy terbiýejilik maksady tälimçiniň oýunçylar bilen ulgamlaýyn we maksada gönükdirilen işleriniň prosesinde birmeňzeş dünýägaraýyşly kollektiwi kemala getirmeklikden ybaratdyr. Bu kollektiwiň agzalary beden taýdan kämilleşmeklik bilen birlikde ruhy we ahlak sypatlaryny ösdürýärler – bu bolsa diňe bir sport netijelerine däl-de, eýsem zähmet prosesine-de, jemgyýetçilik durmuşyna-da oňaýly täsir edýär. Sport türgenleşiginiň çylşyrymly prosesiniň has wajyplarynyň esaslara öwrülýän öz kanunalaýyklygy bolýar. Futbolda ýol görkeziji hökmünde peýdalanylýan esasnamalar sport türgenleşiklerine gönükdirilen umumy düzgünler toplumyny özünde jemleýär. Ol ilkinji nobatda meýilnamanyň mazmunynda, serişdelerinde we usullarynda, şeýle hem türgenleşik prosesleriniň guramaçylygynda şöhlelendirilýär. Türgenleşikleriň gidişinde esasy wezipeleriň beýanynyň yzygiderliligi sapaklaryň hilini we terbiýeýäniň netijeliligini kesgitleýär. Mysal üçin, wajyp zatlar: türgenleşikler dürli-dürlümi, olar ulgamlaýyn geçirilýärmi, ýüklemeler neneňsi ösdürilýär, sapaklaryň tapgyrlaýynlylygy saklanylýarmy? Bularyň hemmesi taýýarlygyň soňky netijesine gös-göni täsir edýär. Futboldaky sport netijeleri şeýle-de türgenleşikleriň geçiş şertlerine-de baglydyr. Maddy binýat (meýdança we sport zallary, enjamlar, abzallar, gurallar we tälimçiler üçin usuly gollanmalar), lukmançylyk üpjünçiligi (lukmançylyk gözegçiligi, sport lukmany bilen bile işleşmek), durmuşy şertler (gün tertibi, türgenleşikleriň wagtlary, futbolçylaryň mekdep bilen, iş bilen, maşgala bilen aragatnaşygy) – türgenleşikleriň netijeliligine täsir edýän wajyp serişdeleriň biridir. Bulary sapaklaryň amatly şertleri işlenilip taýýarlanylanda hökmany suratda göz öňüne tutlmalydyr.
Okalan sany: 28   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05763 sek. ýüklenen baýt: 30292