Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SAGALDYŞ AEROBIKASYNYŇ DÖREMEGINIŇ WE ÖSÜŞINIŇ TARYHYNDAN
Ýazylan wagty: 29 мая 2018 Ýazan Mayichka
SAGALDYŞ AEROBIKASYNYŇ DÖREMEGINIŇ WE ÖSÜŞINIŇ TARYHYNDAN Saz astynda ýerine ýetirilýän beden maşklary (çeper, aýallar we depginli gimnastika) XIX asyryň ortasyndan başlap dürli gimnastika ulgamynda ulanylypdyr (şwed gimnastika ulgamy, Germaniýadaky Şpissiň snarýad gimnastikasy, Çehiýadaky “laçyn” gimnastikasy, Mýulleriň dem alyş gimnastikasy, Sandowyň atletikasy we ş.m.). Saz meşgullanýanlaryň keýpini galdyrýar we çydamlylygyny artdyrýar, myşsa güýjüniň, çaltlygynyň we çeýeliginiň ýüze çykmak derejesini ýokarlandyrýar, onuň netijesinde bolsa geçirilýän sapaklaryň umumy netijeliligi ýokarlanýar. Gadymy dünýäde sazy ilkinji bolup bedenterbiýede we sportda ýurt möçberinde amaly ulanmaklygy kanunlaşdyran döwletleriň biri Spartadyr. Ýörite mekdeplerde atletler ýakymly sazyň astynda dürli gimnastiki maşklary, göreşi we ýumruklaşma söweşlerini ýerine ýetiripdirler. Sport hereketlerine sazyň täsirini artdyrmaklyga Pifogoryň mekdebiniň wekilleri we ony dowam etdirijiler uly goşant goşupdyrlar. Göreş we ýumruklaşma söweşleri boýunça Olimpiýadanyň ýeňijisi bolan Pifogor sazyň beden terbiýesine girizilmegini ylmy-nazaryýet esasynda işläp taýýarlapdyr. Mysal üçin, pifogorçylar sazyň ýokarlandyrylan ýaňlanmasynyň hereketleri çaltlandyrýandygyny ýüze çykarypdyrlar. Pifogor köňül başarnyklarynyň garmoniýasyny dikeldipdir. Gynanmak, gam çekmek, hasraty başdan geçirmek, gaýgylanmak, gyjynmaklyk, rehimsizlik, dözümsizlik, haýpyň gelmek, ýerliksiz gabanmak we gorky, dürli görnüşli isleg, arzuw, höwes, ýigrenç, birahatlyk, ganygyzgynlylyk ýaly ýetmezçilikleriň her birine laýyk sazyň kömegi arkaly düzetmek başarnygy bilen, bu dertlerden halas ediji baý bejeriliş düzümi lukmançylykda hem tapawutlanypdyr. Sport göreşi boýunça sapaklara sazyň täsirini ynamly dowam etdiriji Pifogoryň okuwçysy, aýdymçy, filosof, alym we antik döwrüň iň görnükli göreşijisi Milon Krotonskiý bolupdyr. Ol biziň eýýamymyzdan öňki 540-516-njy ýyllaryň dowamynda alty sany Olimpiýa oýunlarynda göreşden ýeňiji bolupdyr. XIX-XX asyryň dowamynda fransuz fiziology we pedagogy Žorž Demoniniň ady bilen baglanyşykly gimnastiki ugur kemala gelýär. Onuň zenanlar üçin beden maşklarynyň ulgamy depginliligiň ähmiýetli öňe gidişliginde we hereketleriň garmoniýasynda, myşsalaryň gowşamaklygynyň we dartgynlylygynyň depginli hem sazlaşykly gezekleşdirilmeginde esaslandyrylypdyr. Žorž Demoni depginli maşklaryň, myşsalary gowşatmaklyga we dartmaklyga degişli maşklaryň, tans ädimleriniň, her dürli zatlar (taýajyklar, topjagazlar, temençeler, ýelpewaçlar we ş.m.) bilen ýerine ýetirilýän maşklaryň sazlaşykly we maksadalaýyk ulanylmagynyň çydamlylygy, çeýeleigi, çalasynlygy, çakganlygy, çuslugy ösdürmekde, oňurganyň ajaýyp görnüşini kemala getirmekde, saldamly, akgynly, birsydyrgyn, emaý bilen, ajaýyp, birgeňsi, gözellik bilen hereket endiklerini kemala getirmekde ähmiýetiniň we täsiriniň uludygyny subut edipdir. Duýduryjy hereket endikleriniň, yşaratlarynyň nazaryýetini işläp taýýarlamakda uly hyzmatlar beýleki bir fransuz pedagogyna – Fransua Delsarta degişlidir. Sungatdaky dramatikany öwrenmek bilen ol adamyň her bir aladasynyň bedeniň kesgitli hereketi bilen yzarlanýandygy – hereketleri ýerine ýetirmekligiň ýoly bilen ynsan aladalarynyň ähli ýetmezçiliklerini berip bolýandygy baradaky netijä gelipdir. Fransua Delsartyň ulgamy “aňladyjy gimnastika” diýen ady alypdyr. Oňa goýlan taglymatlar we esaslar tanymal amerikan tansçysy Aýsedora Dunkanyň sungatynda öz şöhlelenmesini tapýar. Onuň ýerine ýetirýän tanslary, meňzemeleri gadymy grek akgynly hereketlerinden düzülmek bilen, köp babatda häzirki zaman çeper gimnastikasyny ýada salýar.
Okalan sany: 22   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05526 sek. ýüklenen baýt: 31833