Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
KENARÝAKA GANDBOL: TARYHY WE DÜZGÜNLERI
Ýazylan wagty: 29 мая 2018 Ýazan Mayichka
KENARÝAKA GANDBOL: TARYHY WE DÜZGÜNLERI Dünýäde sportuň köp sanly we dürli görnüşleri hereket edýär. Olaryň käbiri ýerli bäsleşikleriň derejesine mahsus bolmagynda galýar, käbiri bolsa birnäçe ýylyň dowamynda möhüm ähmiýetli oýna we tomaşa öwrülmäge ukyplydyr. Kenarýaka gandbolyny şol oýunlaryň ikinji toparyna ynamly goşmak bolar. Çünki sportuň şu görnüşiniň ýüze çykanyndan bäri onçakly köp wagt geçmedigem bolsa, ol eýýäm görlüp-eşdilmedik derejede meşhurlyga eýe bolýar. Galyberse-de, kenarýaka gandboly boýunça täsirli, örän gyzykly bäsleşikler geçirilýär, şol bäsleşiklere tomaşa edeniňde bolsa göwnüň galkynýar.
OÝNUŇ DÖREÝŞI WE KÄMILLEŞDIRILMEGI
Oýun ХХ asyryň 90-njy ýyllarynyň başynda ýüze çykdy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýaryşy italiýalylar tapyp, ony düzgünleşdiren hasaplanylýar. Şondan soňkenarýaka gandbolynyň muşdaklary we oňa hormat goýýanlar dessine artyp ugrady. Bu oýnuň şeýle meşhurlyga eýe bolmagynyň sebäpleri hökmünde şulary görkezmek bolar: oýun örän täsirli geçýär; oýnuň düzgünleri üýtgeşik; düzgün boýunça topuň juda owadan hem täsirli geçirilendigi üçin goşmaça utuklaryň berilmegi göz öňünde tutulýar. Hünärmenleriň kenarýaka gandbolynyň adaty gandboldan tapawutlarynyň az däldigini hem-de onuň sportuň özbaşdak görnüşi bolup durýandygyny belleýärler. Russiýa Federasiýasynda kenarýaka gandboly geçen asyryň 90-njy ýyllarynyň ahyrynda – 2000-nji ýyllaryň başynda giň gerim bilen ösüşe eýe bolup ugraýar. Bu ýurduň kenarýaka gandbolçylary kenarýaka gandbolyndan geçirilýän ähli ýaryşlara yzygiderli gatnaşyp, durnukly çykyş edýärler. Meşhurlyk we ussatlyk babatynda ruslar grekleriň, gollandiýalylaryň, ispanlaryň, belaruslaryň, ukrainleriň we italýanlaryň yzyndan ýetmäge synanyşýarlar.
Okalan sany: 9   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07131 sek. ýüklenen baýt: 30014