Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
HALYÇYLAR ÜÇIN MAŞKLAR TOPLUMY
Ýazylan wagty: 29 мая 2018 Ýazan Mayichka
HALYÇYLAR ÜÇIN NIŸETLENEN MAŞKLAR TOPLUMY
Size hödürlenjek maşklar toplumyny oturymly iş ornunda zähmet çekýän işgärleriň gün tertibine girizmek aýratyn ähmiýetlidir. Esasan hem, halyçylyk sungatyna örküni baglan gelin-gyzlarymyza öz peýdaly maslahatlarymyzy bermegi makul bildik. Iş gününiň dowamynda uzak oturmak beden bogunlarynda (aýratyn-da elleriň barmaklarynda) myşsalaryň gowşamaklygyna, çanaklyk myşsalarynda gan aýlanyşygynyň peselmegine getirýär. Maglumatlara görä, hereket edilende agramyň esasy bölegi oňurga sütünine düşýär. Şol sebäpli adamlaryň aglabasy egniniň we boýun myşsalarynyň agyrsyndan ejir çekýärler hem-de bedeniň çalt ýadamaklygy, oňurganyň boýun bölüminiň rahatsyzlanmagy, kellagyrynyň döremegi, gözleriň ýadamaklygy arkaly iş ukybynyň peselmekligine getirýär. Dartgynlygy aýyrmak, özüňi duýşuňy şeýle hem, myşsalaryňy tonusda saklamak üçin iş günüň tertibine laýyklykda ýörite fiziki maşklar toplumyny girizmek hökmanydyr. Bu maşklary iş ýerinde, günortanlyk arakesme wagtynda we iş gününiň ahyrynda ýerine ýetirmegi maslahat berýäris. Eger-de, maşk üçin günüň dowamynda bary-ýogy 10 minut wagtyňy sarp etmegi kada öwürseň, onda bedene dynçlyk aralaşar. Şu maşklaryň (maşklar toplumynyň ählisiniň) ýerine ýetirilen wagtynda demi burnundan alyp, agyzdan çykarylmagyna üns bermeli. Hemme hereketler haýal ýa-da orta derejede ýerine ýetirilmelidir. Maşklar ýerine ýetirilen wagtynda kelläni yza gaýyşdyrmaly däldir. Ýokarda aýdylanlary göz öňünde tutup, her bir adam öz saglygyna jogapkärçilikli çemeleşse, sagdyn durmuş şertini gurnasa, onda adamlaryň ömür dowamlylygynyň has-da uzalmagyna, diňe öňüni alyş çäreler bilen ýüze çykaýjak nogsanlyklaryň öňüni alyp boljakdygyny görkezýär.
1-nji maşk Oturgyçda oturan ýeriňde burnuň bilen dem alyp, garnyňy çişirmeli we demi goýbermeli. Soňra garnyňy içiňe çekip sag aýagyňy galdyryp, pola degirmän, dyzlary epmeli we ýazmaly. Şeýle hereketi beýleki aýagyňda hem gaýtalap, maşky 10-20 gezek ýerine ýetirmeli.
2-nji maşk Oturan ýeriňden oňurga myşsasyny ýaý şekilli görnüşde öňe we yza egmeli. Soňra bu hereketi 5-10 gezek gaýtalamaly.
3-nji maşk Oturgyçda oturan ýeriňde uludan dem alyp, elleriňi çepe we saga gezekleşdirip uzatmaly. Maşky 10-20 gezek gaýtalamaly.
4-nji maşk Arka myşsasyny göni saklap, göwräňi çepe hem saga öwürmeli. Maşky 10-20 gezek gaýtalamaly. 5-nji maşk Oturgyjyň arkasyna ýaplanyp oturmaly. Aýalary kelläň ýeňsesinde birikdirip, göwräňi ýuwaşjadan öňe egmeli. Maşky 10-20 gezek gaýtalamaly.
6-njy maşk Oturgyçdan ýuwaşlyk bilen turup, göwräňi öňe egip ýene-de oturmaly. Maşky 10-20 gezek gaýtalamaly. 7-nji maşk Oturgyçda oturyp, elleriňi biliňde goýmaly, aýaklaryňy öňe uzatmaly. Ilki sag aýagyň ujuny ýere diräp, çep dyzyňy epmeli. Maşky her aýagyňda 10-20 gezek gaýtalamaly.
8-nji maşk Oturgyçda oturan ýeriňde boýnuňy öňe uzadyp, aýlawly hereketi ýerine ýetirmeli. Maşky 5-10 gezek gaýtalamaly.
9-njy maşk Oturan ýeriňden elleriňi ýeňsäňde goýup, göwräňi çepe we saga egmeli. Maşk ýerine ýetirilýän wagty erkin dem almaly. Maşky 6-8 gezek gaýtalamaly. 10-njy maşk Oturan ýeriňde eginleriňi gezekli-gezegine aşak we ýokary hereketlendirmeli, dem alyş erkin bolmaly. Maşky 6-8 gezek gaýtalamaly.
Okalan sany: 26   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05213 sek. ýüklenen baýt: 31380