Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Dünÿä futboly
Ýazylan wagty: 31 мая 2018 Ýazan Mayichka
Argentina ýygymynyň futbolçysy Martin Palermo 1999-nji ýylda Latyn Amerika kubogynda Kolumbiýa ýygyndysyna garşy yzly yzyna 3 penaltini urup bilmedi. Netijede, Argentina 0:3 hasap bilen utuldy. Haýsy ýurt futbol boýunça dünýä çempionatynda köp gezek ýeniş gazandy? Jogap – Braziliýa ýygyndysy (5gezek). Haýsy futbol kluby Çempion Ligasyny köp gezek utdy (Çempion kubogy bilen birlikde)? Jogap – Real (Madrid) ol muny 9 gezek etdi. Futbol boýunça ilkinji çempionaty nirede we näçinji ýylda geçirildi? Jogap - 1930-njy ýylda, Urugwaýda. Futbol boýunça ilkinji çempionaty haýsy ýygyndy utdy? Jogap – Urugwaý yygyndysy. Russiýaly Oleg Salenko 1994-nji ýylda futbol boýunça dünyä çempionatynda bir oýunda 5 utuk gazandy. Bu oýunda Russiýa ýygyndy topary Kameruny 6:1 hasaby bilen utdy. Su wagt rekord gaýtalanyp geçilmedi. Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň taryhynda iň tiz utugy russiýaly Dmitriý Kriçenko urdy. Ol Ýewro 2004 Gresiýa ýygym toparyna garşy oýýunda boldy. Bizinkiler 2:1 hasap bilen utuldylar. Dünýä çempionatynda dürli ýygym topary üçin utuklary alan şu wagta çenli ilkinji ýeketäk futbolist, häzirki wagtda Srwena Zwezda toparyna türgenlik geçýän horwat Robert Prosineçki. DÇ-90 ýylda ol Ýugoslawiýa üçin, DÇ-98 ýylda bolsa Horwatiýa ýygyndasy üçin utuk gazandy.
Okalan sany: 13   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06469 sek. ýüklenen baýt: 29360