Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ÝEŇIL ATLETIKA DERSINIŇ WEZIPELERI WE MAZMUNY
Ýazylan wagty: 31 мая 2018 Ýazan Mayichka
ÝOKARY OKUW MEKDEPLERIŇ “SPORT” WE “BEDENTERBIÝE” FAKULTETLETINDE HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAK ULGAMYNDA GEÇILÝÄN “ÝEŇIL ATLETIKA” DERSINIŇ WEZIPELERI WE MAZMUNY Ýeňil atletika okuw dersi hökmünde bedenterbiýe we sport hünärmenleriniň taýýarlyk prosesinde öňdebaryjy orunlaryň birini eýeleýär. Beden taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmaklyga, hökmany hereket başarnyklaryny we endiklerini ele almaklyga, hereket işjeňliginiň ýetmezçiligine ýaramaz täsirleri peseltmeklige kömek etmek bilen ol beýleki fakultetletiň talyplarynyň hem bedenterbiýe taýýarlygynda şeýle öňdebaryjy orny eýeleýär. “Ýeňil atletika” dersiniň esasy wezipeleri şu aşakdakylar hasaplanylýar: bedenterbiýe we sport fakultetleriniň talyplarynyň nazaryýet bilimlerini özleşdirmekligi; ýeňil atletika görnüşleriniň tehnikasynyň öwrediliş prosesinde hereket başarnyklarynyň we endikleriniň kemala getirilmegi; derňeme işlerindäki, ýalňyşlyklary düzetmek işlerindäki we tehniki elementleriň ýerine ýetiriliş prosesindäki nätakyklary düzetmekdaki başarnyklaryň kemala getirilmegi; anyk şertlerden ugur alyp, öwretmeklik prosesini dogry guramak we alyp barmak başarnygyny kemala getirmegi; ýeňil atletikada, şonuň ýaly-da beýleki sport görnüşlerinde hereketleriň tehnikasyny netijeli öwrenmeklik we ýokary sport netijelerine ýetmek üçin hökmany bolan beden sypatlaryny ösdürmekligi; ýeňil atletikanyň dürli görnüşlerinde tälimçilik işleriniň başarnyklaryny we endiklerini kemala getirmekligi; ylmy-barlag işlerini alyp barmaklyk we alnan maglumatlary tejribelik işlerinde peýdalanmak başarnyklaryny ýüze çykarmaklygy we ösdürmekligi. “Ýeňil atletika” dersiniň mazmunyna ýeňil atletikanyň görnüşleriniň tehnikasy, beden sypatlaryny öwretmek we ösdürmek üçin ulanylýan ýörite maşklar girizildi. Ýeňil atletika maşklarynyň tehnikasyny öwretmeklige jikme-jik seredilýär. Çagalar we dürli derejedäki türgenler bilen geçirilýän sport türgenleşikleriniň nazaryýet we tejribelik işleri öwredilýär. Ýeňil atletika görnüşleriniň ösüşiniň taryhy we maşklaryň tehnikasynyň kemala gelşiniň taryhy hem uly bolmadyk ähmiýete eýedir. Beden taýdan ösüşiniň, beden taýýarlygynyň, beden sypatlarynyň dinamikasynyň, öwretmekligiň we türgenleşigiň dürli usulyýet netijeliliginiň dürli taraplaryny bahalandyrmaklyga mümkinçilik berýän her hili testler öwredilýär we tejribelikde ulanylýar. Ylmy-barlag işleriniň geçirilmegi ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak üçin başlangyçlar döredýär. “Ýeňil atletika” dersini öwretmekligiň esasynda diňe beden maşklaryny ýerine ýetirmekligi başarman, eýsem beýleki adamlary ýeňil atletikanyň görnüşlerine çekmegi we öwretmegi, şonuň bilen birlikde-de adam jemgyýetiniň sagdynlaşmagy we ösmegi üçin şahsyýetiň garmoniki ösüşi kemala getirilýär.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08447 sek. ýüklenen baýt: 30780