Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
ETİKET WE SPORT
Ýazylan wagty: 31 мая 2018 Ýazan Mayichka
ETİKET WE SPORT Jemgyýetçilik ösüşiniň etiketi. Milli däşp-dessurlarda etiketiň tutýan orny. Etiketiň ahlak manysy. Etiket – Fransuzlaryň “etigiette” diýen sözünden bolup, ol birek biregiň arasynda juda berk talap edilýän tertibi aňladýar. Biz adamyň durmuşynda ýygty-ýygydan ujypsyzja zatlaryň juda uly mana eýe bolýandygyna duş gelýäris. Jemgyýetçilik ýerlerinde goýberilen tötänleýin säwlik bize gör näçe hasrat getirip bilýär!bir gödek-ýakymsyz sözüň soňy gör nämeler bilen gutarýar! Ine, şonuň üçin hem ýönekeýje şertlendirilen etiket kadalary adam üçin çuňňur şahsy mana eýe bolýar. Etiket diňe bir tertibiň standarty bolman, ululy-kiçili aňly-düşünjeli gatnaşygyň bir görnüşidir. Etika bilen iş salyşýan hünärmenleriň hödürleýän edebiýatlarynda etiket ynsanyň ahlak sypatlarynyň biri hökmünde, kähalatlarda bolsa gös-göni ahlagyň özi hökmünde şöhlelendirilýär. Lingwistler etikete adamlaryň biri-biri bilen gatnaşygynyň netijelerini sazlaýan görnüş hökmünde seredýärler. Etikete ahlak manysynda onuň kömegi bilen adamynyň jemgyýetde tutýan orny, köpçülikdäki abraýy, oňa näderejede hormat goýmalydygy görnüşinde ýüze çykýar. Eger ol adam döwletiň ýa-da hökümetiň wekili bolsa, onda onuň wekilçilik çinine we ýaşaýan döwletine laýyklykda etiket ýüze çykýar. Bu ýerde etiket syýasy mana eýe bolýar. Etiket görnüşleriniň dürli-dürliliginiň birmeňzeş mana eýedigini duýmak kyn däl: hormat, sylag, sarpa we ş.m. Etiketiň manysy – adamyň ähmiýetini, bahasyny ykrar etmek ýa-da mylakatlylyk, salyhatlylyk, sypaýyçylyk görnüşinde oňa bolan hormatyň, sylagyň, sarpanyň ýüze çykmasydyr. Ýöne şeýle hormatyň, ykrar edilmäniň manysy birmeňzeş bolmaýar. Sebäbi känir adamlara özüni alyp barşyna, hereketlerine, görüm-göreldesine seredilip sarpa goýulsa, käbirlerine gorkulyp, heder edilip hormat goýulýar. Ýöne soňkusynyň gaty uzak dowam etmeýändigini unutmaly däldir. 2. Barlag geçirýänleriň köpüsi etiketiň ilkidurmuş jemgyýetçilik durmuşynda-da bolandygy baradaky pikiri goldaýar. Kähalatlarda oňa ilkidurmuş medeniýetiniň özboluşly ýüze çykmasy hökmünde seredýärler. Muňa-da däp-dessurlar, özüňi alyp barmagyň görnüşleri sebäp bolupdyr. Etiketiň kömegi bilen adam başga bir adama bolan öz gatnaşygyny ýüze çykarýar. Gadymy hytaý akyldary Sýunszynyň düşündirişine görä, “Däp-dessurlara baglylykda asman bilen yer ylalaşyga gelýär, Gün bilen Aý ýagty şöhle saçýar, ýylyň dört pasly biri-biriniň yzyndan gelýär, ýyldyzlar we älem hereketlenýär, derýalaryň suwy akýar we ähli zatlar gülleýär. Däp-dessurlar netijesinde söýgi we ýigrenç dogry ýola gönügýär, aşaky gatlakdakylar gulak assalar, ýokarkylar dana görünýärler we ähli zatlaryň üýtgemekligi tertibe öwrülýär. Däp-dessurlardan daşlaşmak ölüme getiýär”. Häzirki zaman etiket (has takygy, umumy etiket) mähirli islegler, bu islegleriň gönükdirilmegi bilen onuň üstünliklerine begenmäge taýýarlyk görnüşinde ýüze çykýar.
Okalan sany: 32   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05462 sek. ýüklenen baýt: 30887